HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Nakgaş eserlerinden ajaýyp çemen: Aşgabatda ýaşlar sergisinde görkezilen suratlar, keramika we kümüş şaý-sepleri

Dekabr 10, 2022 | 03:38 |8315
Aşgabatda her ýyl dekabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilýän “Gujurly ýaşlar-2022” sergisi açyldy. Sergide zehinli ýaşlaryň gatnaşmagynda ýylyň dowamynda birnäçe gezek sergileriň, bäsleşikleriň we beýleki medeni çäreleriň geçirilýän häzirkizaman sergi giňişligine öwrülen döredijilik YOM-niň talyplarynyň we mugallymlarynyň iň gowy işleri görkezilýär.Aşgabatda her ýyl dekabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilýän “Gujurly ýaşlar-2022” sergisi açyldy. Sergide zehinli ýaşlaryň gatnaşmagynda ýylyň dowamynda birnäçe gezek sergileriň, bäsleşikleriň we beýleki medeni çäreleriň geçirilýän häzirkizaman sergi giňişligine öwrülen döredijilik YOM-niň talyplarynyň we mugallymlarynyň iň gowy işleri görkezilýär.
Çeşme:

Aşgabatda her ýyl dekabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilýän “Gujurly ýaşlar-2022” sergisi açyldy. Sergide zehinli ýaşlaryň gatnaşmagynda ýylyň dowamynda birnäçe gezek sergileriň, bäsleşikleriň we beýleki medeni çäreleriň geçirilýän häzirkizaman sergi giňişligine öwrülen döredijilik YOM-niň talyplarynyň we mugallymlarynyň iň gowy işleri görkezilýär.

Olaryň eserleri serginiň hakyky bezegine öwrülip, kähalatda haýsy eseriň ýaş talyba, haýsysynyň bolsa halypa nakgaşyň çotgasyna degişlidigini kesgitlemek kyn boldy.

Mysal üçin, Durdymyrat Pirowowyň "Gulakhalka" suraty hiç kimi biperwaý galdyrmady. Ilkibada çylşyrymly däl ýaly bolup görünýän bu kompozisiýa myhmanlary diýseň haýran galdyrdy we eseri synlaýanlaryň her biri özüni ýyly maşgala ojagynyň gahrymanlarynyň ýanynda ýaly duýdular. Ýeri gelende aýtsak, mugallymlar ussatlygy üçin bu talyby “guýma zehin” diýip atlandyrýarlar we onuň eserleriniň haýran galdyrmagy we buýsandyrmagy dowam edýändigini belleýärler.

IMG_20221206_192702.jpg

Aýgytly bäsleşigiň öňüsyrasynda meşhur sazandanyň şol pursat hakyky başdan geçirýän duýgularyny we içki aladalaryny kendiriň ýüzüne geçirip bilen başga bir ýaş suratkeşiň eseri “Şukur bagşy” diýlip atlandyrylýär.

Nakgaşyň ussahanasynda hezil edip oýnaýan alabaý güjüjekleri bolsa bu eseri synlaýanlaryň hemmesini biygtyýar ýylgyrmaga mejbur edýär. Awtor özlerini söýgüli oýnawaçlaryny paýlaşyp bilmeýän çagalar dek alyp barýan güjüjekleriň garagollyk edýän pursatyny şekillendiripdir.

IMG_20221206_193051.jpg

Başga bir kendiriň ýüzünde üýtgeşik owadan gülüň güllän pursaty görkezilipdir. Diňe ýakynlaşyp, has içgin synlanyňda bu hakyky sungat eseriniň kagyzyň ýüzüne adaty reňkli galamlar bilen çekilendigini görmek bolýar. Güljemal Begliýewa öz grafiki kompozisiýasyny "Ylham beriji arzuw" diýip atlandyrypdyr.

IMG_20221206_193528.jpg

Bu ýerde zergär ussalaryň ajaýyp şaý-sepleri, amaly-haşam sungaty kafedrasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň sünnäläp ýerine ýetiren işleri hem görkezilýär.

Sergä gelenleriň hiç biri-de bu ýerdäki nakgaş eserleriniň çemeninden biperwaý galmady - kimdir biri ruhy lezzet aldy, kimdir biri özüni çagalyk ýatlamalarynyň gujagyna oklady, ýene biri bolsa bu gözellikden ylham joşgunyna bat berjek gujur-gaýrata beslendi. Bir söz bilen aýdylanda, her kim öz ýany bilen ýakymly duýgulary alyp gitdi.

Sergi 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli dowam eder. Giriş mugt.

Gulýa Geldiýewa

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026