HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Dekabr 10, 2022 | 04:28 |6234
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen 6-njy dekabrda Moskwada duşuşdy.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen 6-njy dekabrda Moskwada duşuşdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen 6-njy dekabrda Moskwada duşuşdy.

– Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy özara hormat, deňlik we ynam ýörelgelerinde ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly, dinamik we yzygiderli häsiýetini belläp geçdi – diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda ýerleşdirilen habarda bellenýär.

“Türkmenistan biziň ýakyn dostumyz, strategiki hyzmatdaşymyz. Russiýa sebit we halkara gatnaşyklarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýär. Gatnaşyklarymyzyň äheňini diňe şu ýylyň dowamynda 5 duşuşyk geçiren iki ýurduň prezidentleri kesgitleýär" - diýip, Sergeý Lawrow aýtdy.

Şeýle hem, ol ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygyň, Russiýa sebitleriniň Türkmenistan bilen özara gatnaşyklarynyň ähmiýetine ünsi çekdi, bu bolsa döwletara gatnaşyklaryň gidişine oňyn täsir edýär.

Türkmenistanyň DIM-niň baştutany Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna, şol sanda energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag, ekologiýa we beýleki birnäçe ugurda yzygiderli goldaw berýändigi üçin Russiýa minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler daşary syýasat giňişliginde, hususan-da sebit we global durnuklylygy saklamak we berkitmek, Hazar we Aral deňzi meseleleri boýunça we täze kynçylyklara we howplara bilelikde garşy durmak babatda hyzmatdaşlyk meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalarynda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda we Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligi bellendi.
221206-2.jpg Gepleşiklerde soňky ýyllarda işjeň häsiýete we anyklyga eýe bolan iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Medeni-gumanitar gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy. Bu nukdaýnazardan, Lawrow rus diline we rus halkynyň medeniýetine Türkmenistanyň aýawly garaýşyna ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglylykda, Puşkin adyndaky Rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak, Türkmen-rus uniwersitetini açmak hakynda döwlet derejesinde kabul edilen çözgütler minnetdarlyk bilen bellenip geçildi.

Gepleşikleriň netijesi boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026