Baş drama teatry dünýä nusgawy teatr eserleriniň hepdesine repertuaryny mälim etdi


Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Halkara Bitaraplyk gününe «Dünýä nusgawy teatr eserleriniň hepdeligi» atly döredijilik çäresini guraýar – diýip, ministrlikde ORIENT-e habar berdiler.
Döredijilik çäresiniň çäklerindäki çykyşlar 6-12-nji dekabr aralygynda dowam eder. Bu döwürde ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnalarynda dünýä medeniýetiniň taryhynda möhüm yz galdyran eserler görkeziler.
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry eýýäm hepdelik repertuaryny aýan etdi:
6.12.2022 – «Romeo we Julýetta»
7.12.2022 – «Romeo we Julýetta»
8.12.2022 – «Gelinler»
9.12.2022 – «Aýy»
10.12.2022 – «Hindi rowaýaty»
11.12.2022 – «Giýewleriň bäsleşigi»
12.12.2022 – «Gelinler»
Spektakllar sagat 19:00-da başlanýar. Biletleri teatryň kassasyndan 10 manada satyn alyp bilersiňiz. Oýunlar türkmen dilinde görkezilýär.
Has giňişleýin maglumat almak üçin şu telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz: 94-09-74 we 94-06-66.
ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden








