HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Turkmentelekom» saýtlaryň täze hostinginden peýdalanmagy teklip edýär

Dekabr 09, 2022 | 21:25 |9783
«Turkmentelekom» elektrik-aragatnaşyk kompaniýasy türkmen web saýtlarynyň esaslandyryjylaryna ýörite wirtual serwerlerde (VDS) web sahypalaryny ýerleşdirmek üçin hostingiň täze döredilen görnüşini ulanmagy teklip edýär.«Turkmentelekom» elektrik-aragatnaşyk kompaniýasy türkmen web saýtlarynyň esaslandyryjylaryna ýörite wirtual serwerlerde (VDS) web sahypalaryny ýerleşdirmek üçin hostingiň täze döredilen görnüşini ulanmagy teklip edýär.
Çeşme:

«Turkmentelekom» elektrik-aragatnaşyk kompaniýasy türkmen web saýtlarynyň esaslandyryjylaryna ýörite wirtual serwerlerde (VDS) web sahypalaryny ýerleşdirmek üçin hostingiň täze döredilen görnüşini ulanmagy teklip edýär.

Kompaniýanyň bellemegine görä, täze wirtual hosting kiber hüjümlerinden has ygtybarly goralýar we ýokary maglumat geçiriş derejesine eýedir. «Turkmentelekom» elektrik-aragatnaşyk kompaniýasynyň web saýtynda görkezilişi ýaly, täze serwerlerdäki internet tizligi 100 Mbit/s ýetýär.

Iň güýçli ýörite wirtual serwerini ulanmagyň bahasy 900 manatdyr. Häzirki VDS-niň bu görnüşinde 8 ýadroly CPU, 16 GB RAM we 80 GB göwrümdäki SSD bar.

Şahsy hasabyň kömegi bilen ulanyjy islän nyrhyny we operasiýa ulgamyny saýlap, islendik wagt müşderi özi üçin çäksiz wirtual maşynyny döredip bilýär. Wirtual serwer birnäçe minudyň içinde bölünip berilýär.

Her sagatlyk töleg mümkinçiliginiň kömegi bilen, köp saýtlara girýänleriň sanynyň örän köp bolan wagtlarynda ýüklemegi aňsatlaşdyrmak üçin wagtlaýyn ýörite wirtual serwerleri döredip bolýar.

Nyrhlar barada has giňişleýin maglumatlary almak üçin «Turkmentelekom» saýtynyň «Hosting» bölüminde tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news
Surat: webspc.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026