

Türkmenistanda 2023-nji ýylda geçiriljek sergileriň we maslahatlaryň senenamasy neşir edildi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy resmi saýtynda 2023-nji ýylda sergileriň we maslahatlaryň täzelenen senenamasyny çap etdi.


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy resmi saýtynda 2023-nji ýylda sergileriň we maslahatlaryň täzelenen senenamasyny çap etdi.


Ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli Aşgabadyň “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde çagalar üçin multfilmleriň festiwaly geçirildi – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezine eden iş saparynyň dowamynda aýdyldy – diýip, ýurdumyzyň resmi metbugaty ýazýar.


Meşhur türk aýdymçysy Mustafa Sandal duşenbe güni Aşgabatda konsert berdi. Ol sportuň gyşky görnüşleri sport toplumynyň meýdançasynda çykyş edip, öz maksatnamasynda köpçülige Ýewropany bendi eden söýlüp diňlenýän meşhur aýdymlaryny hödürledi.


Şeýle beýanat bilen Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew GDA-nyň resmi däl sammitinde eden çykyşynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň dil giňişligini berkitmekde we döwletleriň arasynda medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde rus diliniň hemişelik möhümdigini aýtdy diýip, duşenbe güni TASS habar berdi.


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Sankt-Peterburgda GDA-nyň resmi däl sammitinde çykyş edip, Arkalaşygyň çäklerinde ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň täze guralyny işe girizmäge çagyrdy hem-de Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolunyň ähmiýetini belledi.


Türkmenistanyň Döwlet arçasyna isleg bildirenleriň her biri gelip biler. Çagalar üçin sahnalaşdyrylan täze ýyl çykyşlary 1-nji ýanwarda başlanar. Ertekiler dünýäsine alyp barýan portal Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň uly zalynda açylar. Hut şol ýere ýurdumyzyň baş arçasynyň ýanyndaky täze ýyl çykyşlarynyň gahrymanlary barar.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy türkmen paýtagtynda 26-njy dekabrdan Parahat 7 – “Aşgabat” SDAM aralygynda gatnajak № 114 belgili täze awtobus ugruny herekete girizdi.


Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa ugrady – diýip, TDH habar berýär.


Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýäniň Antalýa şäherinde ýaşlaryň iş bilen meşgul bolmagy we Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça geçirilen sebitleýin forumyna gatnaşdylar.


Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi dermanlary we lukmançylyk serişdelerini satyn almak üçin halkara tenderini yglan etdi. Bu baradaky bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çykdy.


Syýahatçy hökmünde Azerbaýjana baryp gören türkmenistanly raýatlaryň sany 2022-nji ýylyň noýabrynda geçen ýylyň şu aýy bilen deňeşdireniňde 5,1 esse artdy – diýip, Azerbaýjanyň syýahatçylyk baradaky Döwlet agentligine salgylanyp, Trend habarlar agentligi habar berýär.


Güýçli gyş harasaty ABŞ-na soňky 40 ýylda iň sowuk roždestwo howasyny getirdi. Güýçli şemal elektrik togunyň simlerini gopardy, ilatyň bir ýarym milliondan gowragy elektrik toksuz galdy. Käbir ştatlarda howanyň temperaturasy minus 40 derejeden aşak düşdi. Bu barada ABŞ-nyň milli meteorologik gullugy habar berýär.


Türkmenistanyň paýtagtyna Russiýanyň belli aýdymçylary Dima Bilan we Nýuşa geldiler, olar paýtagtymyzyň Sportuň gyşky oýun görnüşleri sport toplumynda ýekelikde çykyş etmek bilen, konsert bererler.


Energetika ugry boýunça ýöriteleşýän bütin dünýädäki ýaş žurnalistler 2023-nji ýylyň 28-29-njy martynda Germaniýanyň paýtagtynda geçjek global “Energetika geçişi baradaky Berlin dialogyna” (BETD23) gatnaşyp bilerler. Bu barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.