HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanyň Boks federasiýasy dünýä çempionatyna boýkot edýär: sport syýasatdan daşda bolmaly

Mart 08, 2023 | 16:19 |8196
Özbegistan – boks boýunça indiki dünýä çempionatynyň ýer eýesi, halkara sport ülňülerine eýerýär we «sport syýasatdan daş» ýörelgesini goldaýar – diýip, anna güni Respublikanyň boks federasiýasy habar berdi.Özbegistan – boks boýunça indiki dünýä çempionatynyň ýer eýesi, halkara sport ülňülerine eýerýär we «sport syýasatdan daş» ýörelgesini goldaýar – diýip, anna güni Respublikanyň boks federasiýasy habar berdi.
Çeşme: podrobno.uz

Özbegistan – boks boýunça indiki dünýä çempionatynyň ýer eýesi, halkara sport ülňülerine eýerýär we «sport syýasatdan daş» ýörelgesini goldaýar – diýip, anna güni Respublikanyň boks federasiýasy habar berdi.

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Halkara boks birleşigi (IBA) Russiýadan we Belarusiýadan gelen türgenleriň ýaryşlara kabul ediljekdigini habar berdi. Türgenler öz ýurtlarynyň baýdaklary astynda halkara ýaryşlaryna gatnaşyp bilerler we ýeňiş gazanan ýagdaýynda milli gimnleri ýaňlanar. Şunuň bilen baglylykda, ruslara rugsat berilmegi sebäpli ABŞ, Kanada, Beýik Britaniýa we Ukraina ýaly birnäçe ýurduň boks birleşikleri dünýä çempionatlaryna gatnaşmakdan ýüz öwürdiler.

«Özbegistan halkara sport ülňülerine eýerýän we sportyň syýasatdan daşdadygy ýörelgesini goldaýan döwlet» - diýip, Özbegistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň saýtynda çap edilen, Federasiýanyň beýanynda aýdylýar.

Gurama, ulularyň arasynda boks boýunça dünýä çempionatynyň IBA tarapyndan her iki ýylda bir gezek geçirilýändigini we gurnalýandygyny ýatlatdy.

«Özbek tarapynyň bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba alnan ýurtlaryň çykyş edip etmejeklerini, şeýle hem ol ýa-da beýleki milli ýygyndy toparyny dünýä çempionatyna gatnaşýanlaryň sanawyna goşup ýa-da aýyrjakdygyny kesgitlemäge ygtyýary ýok» - diýip, Federasiýada bellediler.

«Ýurdumyz ýetip gelýän uly ýaryşlary geçirmek hukugyny alan wagtynda käbir toparlaryň ýa-da türgenleriň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyna häzirki çäklendirmeler ýokdy» - diýip, guramada aýtdylar.

Aýal-gyzlaryň dünýä çempionaty 2023-nji ýylyň martynda Nýu-Delide (Hindistan), erkekleriň ýaryşy maý aýynda Daşkende (Özbegistan) geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026