HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: ýangyjyň we gurluşyk önümleriniň dürli görnüşleri uly islege eýe boldular

Mart 09, 2023 | 16:39 |8375
Hepdäniň başyndan bäri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $28,4 mln amerikan dollaryna we 32,6 mln türkmen manadyna deň bolan 29 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Hepdäniň başyndan bäri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $28,4 mln amerikan dollaryna we 32,6 mln türkmen manadyna deň bolan 29 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Hepdäniň başyndan bäri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $28,4 mln amerikan dollaryna we 32,6 mln türkmen manadyna deň bolan 29 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Duşenbe güni, 6-njy martda Owganystandan gelen telekeçi Jet A-1 kysymly uçar kerosininiň 1,5 müň tonnasyny satyn aldy, önümiň her tonnasyna $837,75 amerikan dollary baha berildi. Geleşigiň jemi bahasy $1,2 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri şol gün PS 500-G0-K kysymly portlandsementiň 10 müň tonnasyny $395,2 müň amerikan dollaryna satyn aldylar.

Sişenbe güni, 7-nji martda TDHÇB-daky söwdalaşyklaryň barşynda Owganystandan gelen işewür Jet A-1 kysymly uçar kerosininiň 1,5 müň tonnasyny $1,2 mln amerikan dollaryna satyn aldy. Şol gün uçar ýangyjynyň her tonnasynyň bahasy - $826,75 amerikan dollaryna deň boldy.

BAE-niň, Özbegistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri A-92 kysymly awtoulag benzininiň jemi 33,5 müň tonnasyny satyn aldylar, önümiň her tonnasyna $765,75 amerikan dollaryny teklip etdiler. Geleşikleriň jemi bahasy $25,6 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler ýol nebit bitumynyň 13 müň tonnasyny 32,5 müň TMT we el halylarynyň 45,67 inedördül metrini 117,4 müň TMT satyn aldylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026