Habarlar

Arkalaşygyň ýurtlarynyň lukmanlary saglygy goraýyş işgärleriniň  psihiki-emosional ýadawlygy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylarArkalaşygyň ýurtlarynyň lukmanlary saglygy goraýyş işgärleriniň  psihiki-emosional ýadawlygy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

Arkalaşygyň ýurtlarynyň lukmanlary saglygy goraýyş işgärleriniň psihiki-emosional ýadawlygy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

Lukmanlaryň we orta derejeli lukman işgärleriň arasynda psihiki-emosional ýadawlygyň sindromy, giňden ýaýran ruhy çökgünligiň ýokary derejesi, aladalar, kynçylyklar we emosional näsazlyklar saglygy goraýyşy guramagyň we maglumatlaşdyrmagyň rus merkezi ylmy-barlag instituty tarapyndan başy başlanyp guralan tegelek stoluň esasy meseleleri boldy. Bu edara GDA gatnaşyjy döwletleriň jemgyýetçilik saglygynyň we saglygy goraýyşyň habarlarynyň binýatlyk guramasy bolup durýar diýip, mednet.ru neşiri ýazýar.

Aňrybaşy ýa-da nusgawy – Täze ýyl arçasyny «Bossan concept» bilen bezeýärisAňrybaşy ýa-da nusgawy – Täze ýyl arçasyny «Bossan concept» bilen bezeýäris

Aňrybaşy ýa-da nusgawy – Täze ýyl arçasyny «Bossan concept» bilen bezeýäris

Täze ýylyň ýaşyl arçasynyň ajaýyp bezelip, öwşün atyp durmagy öýde aýratyn gurşawy döredýär. Oňat saýlanan arçanyň bezegleriniň üsti bilen hem özüňiz hem-de myhmanlaryňyz Täze ýyl baýramçylygy gijesinden isleýşiňiz ýaly lezzet alyp bilersiňiz. «Bossan concept» öz önümleri bilen bilelikde Täze ýyly baýramçylygyny täsin we çylşyrymly agşama ýa-da çagalaryň nusgawy baýramçylygyna öwrüp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli makalalar we suratlar bäsleşigini geçirýärTürkmenistanyň Ýaşlar guramasy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli makalalar we suratlar bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli makalalar we suratlar bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň maksady ýaş nesli döredijilik işlerine çekmekden, zehinli ýazyjylary we suratçylary ýüze çykarmakdan we olary höweslendirmekden ybaratdyr. Bäsleşige mekdep okuwçylary bilen birlikde 35 ýaşa çenli ýaşlar hem gatnaşyp bilerler.

Özbegistanda Hugo Boss brendi astynda egin-eşikleri öndürýän fabrik işe girizildiÖzbegistanda Hugo Boss brendi astynda egin-eşikleri öndürýän fabrik işe girizildi

Özbegistanda Hugo Boss brendi astynda egin-eşikleri öndürýän fabrik işe girizildi

Hugo Boss – bütindünýä meşhur brend we moda egin-eşiklerini öndüriji (Germaniýa) kompaniýasy “Fazman tekstil” özbek kärhanasy bilen bilelikde Namangan şäherinde häzirki zaman dokam fabrigini işe girizdiler. Bu ýerde kostýum-balak, şeýle hem Hugo Boss brendi astynda erkeklere, zenanlara we çagalara degişli egin-eşikleriň öndürilişini ýola goýmak meýilleşdirilýär diýip, Namangan häkimligine salgylanyp, özbek habarlar agentlikleri habar berýärler.

Gök önümleri we miweleri kakatmagyň wagty: bu önüm nämä peýdalyGök önümleri we miweleri kakatmagyň wagty: bu önüm nämä peýdaly

Gök önümleri we miweleri kakatmagyň wagty: bu önüm nämä peýdaly

Täze zat – ol öňler özüni oňat tarapdan görkezip ýatda galan ýakymlylyk. Häzirki wagt gök önümleri we miweleri kakatmagyň usuly barada hem şeýle diýmek bolar. Munuň özi sagdyn iýmitlenmegi halaýanlaryň we beýlekileriň arasynda barha meşhurlyga eýe bolýar. Adamlar kakadylan önümleriň syrlaryny bireýýäm açdylar – olary uzak wagtlap saklap bolýar hem-de olarda peýdaly ýokumlylyklaryň has köp möçberi saklanýar.

“Belawia” we S7 Airlines Minskden we Moskwadan Türkmenbaşy şäherine gatnawlarda Türkmenistanyň raýatlary üçin PSR-testleriň tabşyrylmagyny aradan aýyrdylar“Belawia” we S7 Airlines Minskden we Moskwadan Türkmenbaşy şäherine gatnawlarda Türkmenistanyň raýatlary üçin PSR-testleriň tabşyrylmagyny aradan aýyrdylar

“Belawia” we S7 Airlines Minskden we Moskwadan Türkmenbaşy şäherine gatnawlarda Türkmenistanyň raýatlary üçin PSR-testleriň tabşyrylmagyny aradan aýyrdylar

Daşary ýurt awiakompaniýalaryň ikisi – Belarusuň “Belawia” we Russiýanyň S7 awiakompaniýalary özleriniň Minsk-Türkmenbaşy hem-de Moskwa-Türkmenbaşy halkara gatnawlarynda Türkmenistanyň raýatlary üçin COVID-19-a garşy bildirilýän talaplar boýunça PSR-testleriň tabşyrylmagynyň zerurdygy baradaky düzgüni ýatyrdylar.Bu baraadaky maglumatlar “Belawia” we S7 awiakompaniýalaryň resmi saýtlarynda ýerleşdirildi.