Ýewraziýa halklarynyň assambleýasy Kazandaky forumda Ýewraziýa UNESKO-syny döretmegi teklip etdi


Kazanda Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak barada konwensiýanyň 50 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän Halkara forumda Ýewraziýa halklarynyň assambleýasy Ýewraziýa UNESKO-syny döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi. Çäre Tatarstanda 5-nji dekabrda açyldy.
Russiýanyň habarlar gullugynyň habar bermegine görä, assambleýanyň Baş sekretary Andreý Belýaninow bu başlangyjy goldamaklaryny haýyş edip, konferensiýa gatnaşyjylara ýüzlendi. Hususan-da, ol Ýewraziýa halklarynyň assambleýasynyň UNESKO-nyň işini ösdürmek maksady bilen Ýewraziýa UNESKO-syny döretmegi teklip edýändigini aýtdy, bu gurama, ilkinji nobatda medeni we tebigy gymmatlyklaryň sanawy bilen meşgullanar.
-Täze gurluş, guramanyň sebitleýin wekilleri bilen birlikde, beýleki işler bilen bir hatarda, UNESKO-nyň ygtyýaryndaky medeni we tebigy gymmatlyklaryň sanlaşdyrylmagy, arhiwleşdirilmegi bilen meşgullanar we maglumatlaryň ykjam elektron binýadyny döreder – diýlip forumda bellenildi.
Bu çäre Kazanda 8-nji dekabra çenli dowam eder. Onuň işine bütindünýä miras boýunça öňdebaryjy daşary ýurtly we russiýaly bilermenler, şeýle hem ylmy jemgyýetçiligiň bütindünýä mirasyň obýektlerini dolandyrýan wekilleri, medeniýet, ekologiýa, bilim pudagyndaky hünärmenler we dini işgärler gatnaşýarlar.
ORIENT news








