Gök önümleri we miweleri kakatmagyň wagty: bu önüm nämä peýdaly


Täze zat – ol öňler özüni oňat tarapdan görkezip ýatda galan ýakymlylyk. Häzirki wagt gök önümleri we miweleri kakatmagyň usuly barada hem şeýle diýmek bolar. Munuň özi sagdyn iýmitlenmegi halaýanlaryň we beýlekileriň arasynda barha meşhurlyga eýe bolýar. Adamlar kakadylan önümleriň syrlaryny bireýýäm açdylar – olary uzak wagtlap saklap bolýar hem-de olarda peýdaly ýokumlylyklaryň has köp möçberi saklanýar.
Munuň üstesine-de, kakatmak gök we miwe önümlerini gaplamagyň gadymy usullarynyň biri bolup, olardan dürli önümleri taýýarlamagyň peýdaly hem-de ekologiýa taýdan arassa usuly bolup durýar. Hut şoňa görä-de, köp bikeler tomusyň bereketli nygmatlaryny kakadylan görnüşde saklamaga ymtylýarlar, emma, öý şertlerinde şeýle önümleri taýýarlamak örän köp zähmeti talap edýär. Häzir uly isleg bildirilýän bu önümler hususy we döwlet derejelerindäki ýöriteleşdirilen kärhanalarda uly möçberlerde öndürilýär.
“Miweleri kakatmak usuly arkaly saklamagyň tehnologiýasy” şenbe güni S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirlen ylmy-amaly maslahatyň temasy boldy. türkmen telekeçisi Balkan Annamyradow obasenagatynyň bu ugrunda öz tejribesini paýlaşdy – onuň dürli oba hojalyk önümlerini kakatmak boýunça önümçilik bölümi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär.
Işewür käşirden, sogandan, kädiden, şugundurdan, almadan we beýleki önümlerden kakatma işlerini alyp barýar. Ol bir ýylda 50 tonna önüm öndürip, ýerli bazary üpjün edýär hem-de daşary ýurtlara eksporta ugradýar.
Kakadylan gök önümler köplenç tiz taýýarlanylýan çorbalara goşmaga, goşundylaryň düzüminde, mallar gury iýmlerde ulanylýar, şeýle hem uzak wagtlaýyn gidilýän sapardyr syýahatlara hem-de ekspedisiýa gidilende belokly önümler bilen birlikde, gury önüm hökmünde ýanyňa alynýar.
Şeýle önümler awitaminozlarda, depressiýalarda, animiýalarda, ýürek kesellerinde gowy kömek edýär hem-de ýylyň gyş döwründe tebigy ýokumlaryň ajaýyp gözbaşy hasaplanýar.








