“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçarlary dekabrdan başlap, Maýn boýundaky Frankfurt şäherinden Aşgabada uçarlar


7-nji dekabrdan başlap, GFR-niň Maýn boýundaky Frankfurt şäheriniň halkara howa menzilinden uçýan “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçarlary Aşgabada gonarlar. Aşgabat- Maýn boýundaky Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryň täzelenen tertibi nemes howa menziliniň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
Uçuşyň täze tertibi boýunça türkmen uçarlary 2022-nji ýylyň 7-nji martyndan 2023-nji ýylyň 25-nji marty aralygynda uçarlar. Aşgabat- Maýn boýundaky Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça gatnawlar hepdede iki gezek – çarşenbe we şenbe günleri ýerine ýetiriler.
2022-nji ýylyň awgustynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda howa gatnawlary täzeden ýola goýlan gününden bäri, türkmen awiakompaniýasynyň Maýn boýundaky Frankfurt (Germaniýa) şäherinden gatnawlary Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziline çenli ýerine ýetirildi.
ORIENT news








