

FLO türk kompaniýasy Aşgabatda özüniň ilkinji dükanyny açdy
Duşenbe güni Aşgabatda “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde multibrend aýakgaplaryny satmak bilem meşgullanýan Flo türk kompaniýasynyň ilkinji resmi dükany açyldy.


Duşenbe güni Aşgabatda “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde multibrend aýakgaplaryny satmak bilem meşgullanýan Flo türk kompaniýasynyň ilkinji resmi dükany açyldy.


Türkmenabat halkara howa menziliniň golaýynda ähli zerur infrastrukturany öz içine alýan, dört gatdan ybarat bolan 40 sany ýaşaýyş jaýly täze ýaşaýyş jaý toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.


Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) bilen bilelikde önümçilikde we söwdada azyk galyndylarynyň mukdaryny azaltmak isleýär – diýip, guramanyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu aýtdy. Bu barada Trend agentligi habar berýär.


Baýramyň öňüsyrasynda dogan-garyndaşlaryňyza we myhmanlara täze ýyl şatlygyny bermek gaty ýönekeý. Diňe birnäçe jikme-jiklik öýde isleýän gurşawyňyzy döretmäge ýardam berer. Munuň üçin «Bossan concept» bilen bilelikde özboluşly emeli gary we ýörite tagamly taýajyklary saýladyk.


Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentara toparynyň ilkinji mejlisi 2023-nji ýylyň aprelinde Moskwada we Astrahanda geçiriler. Bu barada Aşgabatda resmi sapar bilen bolan RF-niň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçew aýtdy diýip, TASS habar berýär.


Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň Forumy raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlarynyň we döwlet häkimiýetiniň wekilleriniň gatnaşyk etmegi üçin nobatdaky mümkinçilige öwrüldi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky komitetiniň hem-de paýtagtyň häkimliginiň bilermenleri gatnaşdylar.


"Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Kazana (Tatarstan, RF), Moskwa (RF), Stambula (Türkiýe) we Maýndaky Fankfurta (Germaniýa) amala aşyrylýan halkara uçar gatnawlarynyň awiapetekleriniň bahasyny 2,5% arzanlatdy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günä geçişlik barada Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, iş kesilip, azatlykdan mahrum edilen 308 adam tussaglykdan boşadylar. Döwlet baştutany anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlaryň ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagy üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


Türkmenistan Täjigistanyň Hatlon oblastynda umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň gurluşygyna girişýär.


Ýola goýlan däbe gorä, GDA ýurtlarynyň liderleriniň resmi däl sammitini dekabr aýynyň ahyrynda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu gezek dotlukly duşuşyk Sankt-Peterburgda geçiriler. Bu barada penşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara işler boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakow brifingde habar berdi.


– Özbegistanda ygtyýarlandyrylan (lisenziýa brlen) ilkinji “CryptEx” atly kripto dükany açyldy we ol şular ýaly söwda nokatlarynyň Merkezi Aziýa we GDA boýunça ilkinjisi boldy – diýip, Özmegistanyň KHBS ýazýarlar.


Aşgabatda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ekologiýa boýunça birinji açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Uniwersitet onlaýn ýagdaýda geçirilen bäsleşigiň guramaçysy hökmünde çykyş etdi.


Tiz gabranmagyň rus kärhanalar toplumy bolan “Wkusno – i toçka” franşizany satmagyň we öz brendini McDonald’s-yň bolmadyk ýerlerindäki GDA ýurtlarynyň, beýleki daşary ýurtlaryň täze bazarlaryna çykarmagyň mümkinçiliklerine garaýar. Bu barada TASS-a kärhananyň baş direktory Olek Paroýew habar berdi.


Halkara bitaraplyk güni her ýyl 12-nji dekabrda bellenip geçilýär, bu baýram 12-nji dekabrda bitaraplyk derejesiniň ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredildi.


Sankt-Peterburg şäheri 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolar. Bu dereje Russiýanyň demirgazyk paýtagtyna 2022-nji ýylda oňa eýe bolan Gyrgyzystanyň Karakol şäherinden geçer.