

Türkmen-tatar iş topary mart aýynda Aşgabatda gepleşikleri geçirer
Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň söwda we ykdysadyýet, ylym we tehnika, şeýle hem medeni hyzmatdaşlyk boýunça mejlisi 15-16-njy mart aralygynda Aşgabatda geçiriler.


Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň söwda we ykdysadyýet, ylym we tehnika, şeýle hem medeni hyzmatdaşlyk boýunça mejlisi 15-16-njy mart aralygynda Aşgabatda geçiriler.


Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň şypahanalary ösdürmek agentligi, Aşgabatda ýurdunyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini hödürledi. Duşuşyk 1-nji martda «Yyldyz» myhmanhanasynda pudak ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň, syýahatçylyk agentlikleriniň we Türkmenistanyň awiakompaniýasynyň gatnaşmagynda geçirildi.


Gazagystan Ýewraziýa we GDA ýurtlary üçin farmakologiýa pudagyndaky möhüm temalary ara alyp maslahatlaşmagyň ýerine öwrüldi. Iki günüň dowamynda - 28-nji fewraldan 1-nji mart aralygynda XIV Halkara Ýewraziýa farmasewtika forumyna gatnaşyjylar Almatyda Ýewraziýa sebitiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň derman senagaty bilen baglanyşykly meseleleriniň birnäçesine serederler – diýip, Gazagystanyň metbugaty habar berýär.


Roshyzmatdaşlyk federal ölçeglere gabat gelýän 8 müňden gowrak okuw kitabyny Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus umumybilim berýän mekdebine muzdsuz esasda berdi – diýip, TASS habar berýär.


Lukmançylyk serişdelerini, gyşky egin-eşikleri we krowatlary öz içine alýan 8,6 tonna ynsanperwerlik ýüki Türkmenistandan Türkiýäniň ýer titremede ejir çeken etraplaryna 28-nji fewralda ugradyldy – diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Twitterde habar berdi.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa we Günbatar Balkanlary departamentiniň müdiri Ýuwal Fuhsah bilen duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd bilelikdäki çäreleriň, şeýle hem şu ýyla dürli derejelerde meýilleşdirilýän özara saparlaryň möhletini we gün tertibini ara alnyp maslahatlaşdylar.


1-nji martdan Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hyzmat etmek üçin ýollara Toyota Corolla kysymly ýeňil awtoulaglaryň 50 sanysy çykar. Ýapon awtoulaglary “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň düzümine girýän “Ahalawtoulag” önümçilik birleşiginiň taksi parkynyň üstüni ýetirdi. Bu barada birleşigiň resmi saýtynda habar berilýär.


Türkiýäniň alpinistleriniň topary ýurduň günortasynda we günorta-gündogarynda weýrançylykly ýer titremeleriň netijesinde wepat bolanlaryň hatyrasyna Merkezi Anatoliýanyň iň beýik dagy bolan Erjiýese çykarlar – diýip, Kaýseri welaýatynyň alpinizm boýunça müdirliginiň wekili Ysmaýyl Ýylmaza salgylanyp, Anadolu agentligi habar berýär.


Daşoguzly telekeçi, «Laçyn» toý zalynyň eýesi Mergen Allanazarow ene-atasyz galan ýaş adamlara toý dabaralary üçin 750 orunlyk zaly kärendesine bermek boýunça haýyr-sahawat aksiýasyny yglan etdi.


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary «Daşary ýurt dillerini okatmakda iň täze tehnologiýalar» temasy boýunça onlaýn-leksiýany diňlediler, olaryň öňünde Moskwanyň M. W. Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň lektory Swetlana Titowa çykyş etdi. Bu barada şu gün «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti ýazýar.


1-nji martdan Gonkongyň ýaşaýjylary 2,5 ýyldan bäri ilkinji gezek agyz-burun örtüklerini dakmazdan daşaryda, jemgyýetçilik ulaglarynda we ýapyk binalarda gezip bilýärler. Diňe lukmançylyk edaralary üçin çäklendirmeler saklanyp galýar. Bu barada megapolisiň administrasiýasynyň baştutany Li Szýaçao habar berdi.


Türkiýäniň Superligasynyň 14-nji tapgyrynda «Beşiktaş» we «Antalýaspor» (0:0) toparlarynyň arasyndaky oýunda janköýerler ýurtdaky ýer titremede ejir çeken çagalary goldamak üçin aksiýa geçirdiler –diýip, Sports.ru habar berýär.


Bu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnbamasy (BMGÖM) hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (TSGDSM) ýokanç däl keselleri (ÝDK) bejermäge elýeterliligi gowulandyrmak we keselleri kliniki barlaghana anyklaýyş ulgamynda milli mümkinçlikleri ýokarlandyrmak üçin sagylygy goraýyş babatda täze taslamalara gol çekdiler.


Türkmenistanda D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda rus dili boýunça geçiriljek I Olimpiada 15-nji martda başlar. Bäsleşik iki tapgyrda geçiriler.