Türkmenistan we BMGÖM durnukly saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler


Bu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnbamasy (BMGÖM) hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (TSGDSM) ýokanç däl keselleri (ÝDK) bejermäge elýeterliligi gowulandyrmak we keselleri kliniki barlaghana anyklaýyş ulgamynda milli mümkinçlikleri ýokarlandyrmak üçin sagylygy goraýyş babatda täze taslamalara gol çekdiler.
― Biz BMGÖM bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigini bellemäge şatdyrys. Bu bolsa hiç kimi yzda goýman Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde strategik hyzmatdaş hökmünde BMGÖM-e ynamyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär - diýip, BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan belledi.
Ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak boýunça milli tagallalary goldamak üçin täze bilelikdäki taslamalaryň hatarynda “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olary bejermek üçin hem-de Türkmenistanda 2023-2024-nji ýyllarda enäniň we çaganyň saglygyny goramak üçin zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün etmek” atly taslama bar. Ol Türkmenistanda ÝDK-niň, seýrek keselleriň garşysyna göreşmek hem-de enäniň we çaganyň saglygynyň goralmagyny gowulandyrmak üçin milli saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatyny berkitmäge gönükdirilendir.
Taslama ÝDK-y we beýleki keselleri bejermek üçin dermanlary satyn almak arkaly ýokary hilli, elýeter we gymmat bolmadyk dermanlara elýeterliligi üpjün eder. Taslama 2020-2021-nji ýyllar üçin ÝDK boýunça BMGÖM/TSGDSM tarapyndan başy başlanan ilkinji taslama esasynda dermanlaryň satyn alynmagyny dowam eder. Taslamanyň seýrek hem-de bütin dünýäde örän gymmat hasaplanylýan orfan kesellerine garşy dermanlar bilen üpjün etmegi özünde jemleýändigini bellemek möhümdir. Munuň özi, şeýle kesele sezewar bolan hassalary ýüze çykýan maliýe kynçylyklary bilen baglylykda has ejiz ýagdaýa getirýär. Şeýle hem ilatyň has ejiz gatlaklaryndan ÝDK-ly näsaglary dermanlar bilen üpjün etmegi hem-de göwrelilik, çaga dogrulýan döwründe we çaga dogrulandan soňky döwürde zenanlar üçin dermanlary bermegi göz öňünde tutýar.
Ikinji taslama “Türkmenistanda 2023-2024-nji ýyllarda kliniki-barlaghana gullugyny pugtalandyrmak” diýlip atlandyrylýar. Ol umumy ýokanç, ýokanç däl keseller, hirurgiýa, adatdan daşary ýagdaýalar, enäniň we çaganyň saglygy we beýlekilere degişli has köp ýaýran keselleri takyk hem-de öz wagtynda anyklamak üçin barlaghana ylmy-barlag işleriniň elýeterliligini, ygtybarlylygyny we döwrebaplylygyny üpjün etmek ugrunda sagylygy goraýyş gullugyny goramaga gönükdirilendir.
Taslamanyň ýaşaýyş ýerine ýakynlykda ýerleşýän ilatyň köp bölegine hyzmat edýän ilkinji lukmançylyk-arassaçylyk kömeginiň barlaghanalaryny goldajakdygy möhümdir.
Umumy býujeti ABŞ-nyň 78 million dollaryna golaý bolan taslamanyň ikisiniň hem dolulygyna Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilmegine garaşylyp, ol ýurda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy derejede gurşalyp alynmagyny hem-de durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda uly goşant goşmaga kömek eder.
― Biziň diňe saglygy goraýyş ulgamynda geçen we häzirki hyzmatdaşlygymyzyň möçberi ABŞ-nyň 150 million dollaryna golaýlaýar, şunda bu maliýeleşdirmegiň köp bölegi Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan berildi -diýip, Narine Saakýan belledi.
ORIENT news








