Gonkongda 2,5 ýylda ilkinji gezek agyz-burun örtüklerini dakmak hökmanylygy ýatyrylýar


1-nji martdan Gonkongyň ýaşaýjylary 2,5 ýyldan bäri ilkinji gezek agyz-burun örtüklerini dakmazdan daşaryda, jemgyýetçilik ulaglarynda we ýapyk binalarda gezip bilýärler. Diňe lukmançylyk edaralary üçin çäklendirmeler saklanyp galýar. Bu barada megapolisiň administrasiýasynyň baştutany Li Szýaçao habar berdi.
«Ertirki günden başlap, hökümet agyz-burun örtükleriniň hökmany dakylmagyny, şol sanda ýapyk binalarda, açyk howada we ulagda aradan aýyrýar – diýip, ol sosial torlarda ýazdy.
Gonkongda agyz-burun örtügini dakmak kadasy 2020-nji ýylyň iýulynda girizilipdi. Ilkibaşda agyz-burun örtüklerini dakmak iki hepdä çeker diýlip çak edilipdi, ýöne soňra çäklendirmeleri birnäçe gezek uzaltdylar. Ozal köçelerde agyz-burun örtügini hökman dakmak düzgünini Makaoda ýatyrdylar.
ORIENT habarlar








