Habarlar

Kazanda GDA ýurtlary ÝUNESKO-da özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny kesgitledilerKazanda GDA ýurtlary ÝUNESKO-da özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler

Kazanda GDA ýurtlary ÝUNESKO-da özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler

GDA gatnaşyjy döwletler ÝUNESKO-nyň çklerinde özara gatnaşyk etmegiň meseleleri boýunça Daşary işler ministrlikleriniň maslahatlaşmalarynda bütindünýä medeni we tebigy mirasyň desgalaryny gorap saklamagy ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk duşenbe güni Kazanda Bütindünýä mirasyny goramak hakynda konwensiýanyň labul edilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Halkara forumynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýaýradan habarynda aýdylýar.

Aşgabatda baş arçany bezemäge girişdilerAşgabatda baş arçany bezemäge girişdiler

Aşgabatda baş arçany bezemäge girişdiler

Aşgabat täze ýyl baýramy mynasybetli bezenip ugrady. Köçelerde, seýilgählerde yşyklandyrylan bezeg gurnamalar peýda bolýar, Türkmenistanyň baş arçasyny bolsa, adatça paýtagtyň “Alem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnaýarlar. Eýýäm 15-nji dekabrda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we paýtagtyň myhmanlarynyň öňünde owadan bezelen ýaşyl gözellik peýda bolar. Şol gün arçada baýramçylyk yşyklary ýakylar we täze ýyl çärelerine badalga beriler.