Aşgabadyň Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynda 2 müň öýli 50-ä golaý jaý gurlar


Paýtagtyň Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynda täze dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 46-syny gurarlar, olaryň 16-sy 68 öýli, 30 jaýyň hersinde bolsa 40 öý bolar. Şeýlelik bilen, ýaşaýyş jaý toplumynda 2,2 müňden gowrak täze öýler peýda bolar.
Bulardan başga-da, bu ýerde 72 orunlyk orta mekdep, 32 orunlyk çagalar bagy, seýilgäh, söwda-dynç alyş merkezi we 7 sany iki gatly söwda we hyzmat ediş öýi gurlar.
Şu gün Türkmenistanyň Gurluşyk senagaty we binagärlik ministrligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň sargydynyň esasynda bina ediljek jaýlaryň gurluşygy boýunça degişli bäsleşik-tender türkmen metbugatynda çap edildi.
Tender şeýle hem toplumyň içerki awtoulag ýollaryny çekmekligi, agyz suwunyň we lagym suwlarynyň ulgamyny çekmekligi hem öz içine alýar.
Ýüz tutmalar we teklipler Gurluşyk ministrliginiň Marketing we daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginde 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli şu salgyda hasaba alnar: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, jaý 84.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.
ORIENT habarlar








