HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenhowaýollary» mart aýynda Londona, Pekine, Delä we Almata uçup başlarlar – uçuşlaryň rejenamasy we biletleriň nyrhlary

Mart 10, 2023 | 10:28 |34550
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 26-njy martdan Aşgabatdan Londona, Pekine, Delä we Almata ýolagçy uçuşlaryny amala aşyryp başlaýandygyna milli howa gatnadyjysynyň saýtyndaky täzelenen rejenamasy şaýatlyk edýär.«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 26-njy martdan Aşgabatdan Londona, Pekine, Delä we Almata ýolagçy uçuşlaryny amala aşyryp başlaýandygyna milli howa gatnadyjysynyň saýtyndaky täzelenen rejenamasy şaýatlyk edýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 26-njy martdan Aşgabatdan Londona, Pekine, Delä we Almata ýolagçy uçuşlaryny amala aşyryp başlaýandygyna milli howa gatnadyjysynyň saýtyndaky täzelenen rejenamasy şaýatlyk edýär.

«Türkmenhowaýollarynyň» uçarlary şeýle hem Moskwa, Kazana, Stambula we Frankfurta kadaly uçmagyny dowam etdirýär. Ýakyn wagtda halkara ugurlaryň sany dokuza çenli artar.

Aşakda halkara uçuşlaryň rejesini we 9-njy martdaky ýagdaýa görä biletleriň onlaýn-satylyşynyň nyrhnamalaryny getirýäris:

Almata

Aşgabatdan uçuş her hepdäniň sişenbe güni sagat 22:30 we penşenbe güni sagat 09:05

Almatadan yzyna uçýan günleri her çarşenbede sagat 03:40 we penşenbede sagat 14:00

Bir tarapyna biletiň bahasy: 3587.5 TMT

Deli

Aşgabatdan uçuş her ýekşenbe güni sagat 05:15 amala aşyrylýar.

Yzyna Deliden amala aşyrylýan uçuş her ýekşenbe sagat 10:35 ýerine ýetiriler

Bir tarapyna biletiň bahasy: 4611.3 TMT

Pekin

Aşgabatdan uçýan güni her hepdäniň sişenbe güni sagat 01:20 we anna güni sagat 17:20

Pekinden yzyna uçuşlar her sişenbe sagat 12:20, şenbe güni sagat 04:50 we ýekşenbe güni sagat 13:50 amala aşyrylar

Bir tarapyna biletiň bahasy: 9047.5 TMT

London

Aşgabatdan uçýan güni her çarşenbede sagat 13:00

Londondan yzyna uçuş her çarşenbede sagat 17:50

Biletler entäk onlaýn-satuwa çykarylan däldir.

Görkezilen bahalar awiabiletleri diňe «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda milli banklaryň kartlarynyň üsti bilen satyn almaga degişlidir. Kassadaky bahalar tapawutlanyp biler.

Biletleri manat serişdelerine «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtyndan
we Aşgabatdaky bilet satylýan kassalardan satyn alyp bolýar. Biletleri daşary ýurt puluna milli howa gatnadyjysynyň daşary ýurtlardaky wekilhanalaryndan satyn alyp bolýar. Ähli ofisleriň sanawy şu salgylanma boýunça elýeterlidir .

Ozal ORIENT-e Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginde habar bermeklerine görä, ýakyn aýlarda «Türkmenhowaýollary» tarapyndan birnäçe başga ugurlara, şol sanda Bangkoka, Minskä, Sankt-Peterburga, Ankara, Pariže, Seula we Tokio uçuşlary açmak meýilleşdirilýär.

Ýük gatnawyny Hanoe (Wýetnam), Seul (Koreýa Respublikasy) we Şençžen (Hytaý) bilen ýola goýmak meýilleşdirilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026