Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandan meýletinçiler 3 mln-dan gowrak lirany Türkiýädäki tebigy betbagtçylykdan ejir çekenlere ugratdylar

Mart 11, 2023 | 10:27 |8189
Türkmenistandan bolan meýletinçiler Türkiýädäki ýer titremesinden ejir çekenlere 3 mln türk lirasyndan gowrak pul ugratdylar. Bu barada 10-njy martda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral metbugat üçin beýanatynda habar berdi.Türkmenistandan bolan meýletinçiler Türkiýädäki ýer titremesinden ejir çekenlere 3 mln türk lirasyndan gowrak pul ugratdylar. Bu barada 10-njy martda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral metbugat üçin beýanatynda habar berdi.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy

Türkmenistandan bolan meýletinçiler Türkiýädäki ýer titremesinden ejir çekenlere 3 mln türk lirasyndan gowrak pul ugratdylar. Bu barada 10-njy martda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral metbugat üçin beýanatynda habar berdi.

«3 million türk lirasyndan gowrak möçberdäki haýyr-sahawat biziň ilçihanamyz tarapyndan açylan hasaba Türkmenistanyň hoşniýetli raýatlary we biziň raýatlarymyz tarapyndan girizildi» - diýip, Oral habar berdi.

Türkmenistan Türkiýädäki tebigy betbagtçylykdan ejir çekenlere kömek etmek üçin herekete geçen ilkinji ýurtlaryň biridir - diýip, diplomat aýtdy. 7-nji fewralda Gaziantep şäherine 7 lukman, 3 sany saglyk işgäri, şeýle hem 30 tonna derman we lukmançylyk serişdeleri ugradyldy.

10-njy fewralda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky hossarlyga mätäç çagalara kömek etmek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy ýer titreme zolagyna jemi agramy 92 tonna çagalar üçin dermanlary, lukmançylyk serişdelerini, egin-eşikleri we iýmit önümlerini eltip berdi.

Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti we Zenanlar birleşmesi bilen utgaşyklykda ejir çeken etraplara 7 çadyr, 60 sany ýyladyjy, 20 sany generator, 667 krowat, 6835 ýorgan we ýene-de 23,45 müň tonna ynsanperwerlik kömegi, şol sanda arassaçylyk serişdeleri, egin-eşik we azyk önümleri ugradyldy.

«Öz hökümetimiziň, döwletimiziň we halkymyzyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, doganlyk türkmen halkyna, döwlet edaralaryna we birleşmelerine, hususy kompaniýalara, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan öz raýatlarymyza we Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalaryna, olaryň ýolbaşçylaryna we işgärlerine minnetdarlyk bildirmek isleýärin» – diýip, ilçiniň metbugat üçin beýanatynda aýdylýar.

Magnitudasy 7,7 we 7,6 deň bolan soňky 80 ýylda hasaba alnan iň güýçli ýer titremesi 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda bolup geçdi. 46 müňden gowrak adam tebigy betbagtçylygyň pidasy boldy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026