HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýede Durnukly syýahatçylyk boýunça global maslahaty geçiriler

Mart 09, 2023 | 21:15 |7839
2023-nji ýylyň 9-12-nji maý aralygynda Türkiýäniň paýtagty Antalýa şäherinde “Global sustainable tourism conference-2023” atly Durnukly syýahatçylyk boýunça global maslahaty  geçiriler.2023-nji ýylyň 9-12-nji maý aralygynda Türkiýäniň paýtagty Antalýa şäherinde “Global sustainable tourism conference-2023” atly Durnukly syýahatçylyk boýunça global maslahaty  geçiriler.
Çeşme: Посольство Турции в Туркменистане

2023-nji ýylyň 9-12-nji maý aralygynda Türkiýäniň paýtagty Antalýa şäherinde “Global sustainable tourism conference-2023” atly Durnukly syýahatçylyk boýunça global maslahaty geçiriler.

Bu çäre her ýyl ekologiýa taýdan howpsuz syýahatçylygy ösdürmek we öňe sürmek bilen gyzyklanýan syýahatçylyk pudagynyň wekillerini bir ýere jemleýär. Olaryň arasynda döwlet we hususy pudaklaryň, myhmanhanalaryň wekilleri, syýahatçylyk operatorlary, ylmy intelligensiýa bar.

Çäräniň guramaçysy bolup, bu ugurda global ülňüleri kesgitleýän daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş boýunça öňdebaryjy düzüm – Durnukly syýahatçylyk boýunça global geňeşi (GSTC) çykyş edýär.

Durnukly syýahatçylyk boýunça ülňüleriň ulanylyşyny giňeltmäge gönükdirilen forum geçen ýyl Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde geçirildi.

Türkiýe geçen ýyl Durnukly syýahatçylyk boýunça global geňeşi bilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi. Resminama ýurduň syýahatçylyk pudagyny üýtgedip gurmak boýunça mundan beýläkki çäreleriň ýol kartasyny kesgitledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026
Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçilik ulgamyndaky tikinçilik kärhanalarynyň boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmegi dowam etdirýärler

Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçilik ulgamyndaky tikinçilik kärhanalarynyň boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmegi dowam etdirýärler

15:05 Noýabr 02, 2026