HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dubaý şäheriniň myhmanhanalarynda 15-nji martdan hökmany energiýa barlagy girizilýär

Mart 13, 2023 | 00:58 |10632
15-nji martdan Dubaý şäheriniň ähli myhmanhanalarynda hökmany energiýa barlagy geçirilmeli.15-nji martdan Dubaý şäheriniň ähli myhmanhanalarynda hökmany energiýa barlagy geçirilmeli.
Çeşme: otlaat.com

15-nji martdan Dubaý şäheriniň ähli myhmanhanalarynda hökmany energiýa barlagy geçirilmeli.

"2023-nji ýylyň 15-nji martyndan başlap, Dubaýdaky her bir myhmanhana uglerod taşlandylarynyň möçberi, elektrik energiýasynyň we suwuň sarp ediliş möçberi we galyndylary ýok etmek (utilizirlemek) bilen bagly işleri barada hasabat bermeli" –diýip, Ýakyn Gündogar Gün senagaty assosiasiýasynyň strategiki geňeşçisi Abhaýjit Sinha “Middle East Energy Dubai” sammitiniň çäklerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamyndaky taslamalar boýunça geçirilen gepleşikde aýtdy.

Myhmanhanalar her aý energiýa barlagynyň netijelerini Ykdysadyýet we syýahatçylyk müdirligine (DET) tabşyrmaly. Uglerod taşlandylarynyň möçberi belli bir çäkde bolsa, myhmanhanalar sylaglanar, eger çäkden çykýan bolsa, onda olara jerime salynar.

Dubai-hotels-cheap-and-clean-1.jpg

Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk müdirligi myhmanhana pudagynyň uglerod taşlandylaryny ölçeýji guralyň gaýtadan işe girizilendigini habar berdi. Myhmanhanalara energiýa sarp edilişini kesgitlemäge we netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berýän bu gural uglerod taşlandylarynyň çeşmeleri barada maglumatlary häzirki wagt tertibinde yzarlamak üçin täzeden işlenip düzüldi.

Myhmanhanalar her aý elektrik energiýasynyň, suwuň, benziniň, dizel ýangyjynyň, sowadyjylaryň (hladagentleriň), suwuklandyrylan nebit gazynyň we ş.m. sarp edilişi barada maglumat bermeli.

“Energiýa barlagy elektrik energiýasynyň, suwuň sarp edilişini, azyk we azyk däl önümlerden we materiallardan emele gelýän galyndylaryň tonna sanyny ölçemek, taşlandylary dolandyrmak üçin geçiriler. Eger bir otag üçin ulanylýan ýorgan-düşek daşlarynyň, çalgyçlaryň sany köpräk bolsa, diýmek suw hem köp ulanylýar, ulanylýan suwuň möçberi elektrik energiýasynyň hem köp harç edilýändigini aňladýar. Bu bolsa uglerod taşlandylarynyň artmagyna getirýär” – diýip, Sinha düşündirýär.

Kämilleşdirilen uglerod kalkulýatory 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, arassa energiýa pudagynda has giň maksatlara ýetmäge we 2050-nji ýyla çenli BAE-nyň Net Zero strategiýasyny goldamaga gönükdirilen Dubaýyň Durnukly syýahatçylyk başlangyjynyň bir bölegidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026