HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Moskwada GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Oktýabr 09, 2023 | 20:30 |9017
BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
Çeşme: e-cis.info

BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Onda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we GDA agza döwletleriniň umumy meselelerini çözmekde hyzmatdaşlyk etmek we sebitdäki ýagdaýlar boýunça özara pikr alyşmalara we gatnaşyklara goldaw bermek ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şu ýylda geçiirlmegi meýilleşdirilýän çäreler barada birek-birege maglumat berdiler. Duşuşyga şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary Filipp Saprygin, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň halkara guramalar departamentiniň ikinji sekretary Ýuliýa Şewelýowa, GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow gatnaşdylar.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Milletler Bileleşiginiň ýörite missiýasy bolup durýar. 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda resmi taýdan açylan bu merkez dialogyň we gepleşikleriň üsti bilen sebit meselelerine çözgüt tapmakda Merkezi Aziýa ýurtlaryna goldaw bermegi maksat edinýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026