HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen alymlary maklýura agajyndan ýara çişmesine garşy melhem taýýarladylar

Oktýabr 18, 2023 | 20:07 |7839
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary bölüm müdiri Altyn Rahmanowanyň başlyklygynda maklýura agajyndan melhem almak işini patentleşdirmegi maksat edinýärler.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary bölüm müdiri Altyn Rahmanowanyň başlyklygynda maklýura agajyndan melhem almak işini patentleşdirmegi maksat edinýärler.
Çeşme: TYA-nyň Tehnologiýalar merkezi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary bölüm müdiri Altyn Rahmanowanyň başlyklygynda maklýura agajyndan melhem almak işini patentleşdirmegi maksat edinýärler. Bellenişi ýaly, degişli melhem ýara çişmesini tiz wagtda bejermäge ukyplydyr. Bu barada alymlar "ORIENT-iň" habarçysyna aýtdylar

Makluýra ýa-da "ýalan apelsin" ýa-da "Adam almasy" Türkmenistanda iň köp duş gelýän gyrymsy agaçlaryň biridir. Olary esasan şäher we ilatly ýerlerde görmek bolýar. Güýz aýlarynda bu bagyň ýaşyl we sary öwüsýän tokga miwelerini görmek bolýar. Onuň miwesinden çykýan ak reňkli suwuklygy gaýtadan işlemek arkaly dermatit, ekzem, radikulit, rewmatizm, poliartrit we beýleki kesellerde derman serişdesini taýýarlap bolýar.

Maklýuranyň miwesiniň suwuklygyndan ösen döwletlerde antibiotikler hem taýýarlanylýar. Şeýle hem, ondan bedeniň ýüzündäki ýaralary bejermek üçin melhem hem taýýarlap bolýar. Ol dürli ýurtlarda bejeriş serişdesi hökmünde hem ulanylýar. Mysal üçin, Boliwiýada ol diş agyrylary aýyrmakda peýdalanylýar we käbir himiki derman serişdelerinden has peýdalydyr.

Häzirki wagtda türkmen alymlary bu boýunça barlaglary alyp barýarlar. Lukmançylygyň ylmy çeşmelerinde bu bagyň bejeriijilik häsiýetleri barada täsin maglumatlar bar. Bellenişi ýaly, ol düwnük, Alsgeýmer, prostit we hatda nesil önümsizligi ýaly kesellere hem emdir.

Türkmenistanda ösýän ösümlikleriň bejerijilik häsiýeti ýüze çykarmakda we derman senagatynda netijeli ulanmak üçin uly işler alnyp barylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026