Türkmenistan Stambulda geçirilen Bütindünýä türk lukmançylyk kongresine gatnaşýar


Stambulda, 20-nji oktýabrda Bütindünýä türk lukmançylyk kongresi açyldy we oňa 21 ýurduň saglyk wekilleri gatnaşdylar. Lukmançylyk kongresi dokuzynjy gezek Türkiýede geçirilýär we dünýäde uly gyzyklanma döredýär diýip, «Anadolu» agentligi habar berýär.
Şu ýyl kongressiň mowzugy «Saglygy goraýyşda emeli intellekt» hökmünde bellenilip, oňa Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Albaniýanyň, Gambiýanyň, Yragyň, Demirgazyk Kipr Türkiýe Respublikasynyň (DKTR), Kosowanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Kuweýtiň, Kubanyň, Liwiýanyň, Müsüriň, Namibiýanyň, Sierra Leoneniň, Somaliniň, Çadyň, Wenesuelanyň we Ýemeniň ministrleri we ýokary derejeli işgärleri, şeýle hem «Teknokent»-iň düzümine girýän uniwersitetleriň alymlary we rektorlary gatnaşýar.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan forumyň wekillerine wideo ýüzlenmesinde «Bütindünýä türk lukmançylyk kongresi, türki dünýäsiniň ýurtlarynyň saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmakda diýseň möhüm orun tutdy»,-diýip aýtdy. Şeýle hem, ol lukmançylyk pudagynda emeli intellekt tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň wajyodygyny nygtady.
Çäre, 22-nji oktýabra çenli dowam eder. Onuň netijelerine görä, saglygy goraýyş pudagynda bilelikdäki taslamalaryň döredilmegine garaşylýar.
ORIENT news








