DNK derňewi boýunça türk bilermenleri Seljuk soltanlarynyň daşky keşbini täzeden dikeltdiler


1077-1308-nji ýyllar aralygynda Anadolyny dolandyran Seljuk soltanlarynyň daş keşbini şekillendirýän heýkeller, penşenbe güni Konýanyň (Türkiýe) Dar-ul Mulk sergi merkezinde açylan sergide görkezildi diýip, «Anadolu» habar berýär.
Sergi türk Seljuklar dinastiýasyna bagyşlanýar. Soltanlaryň daşky görnüşi, alnan DNK synaglary we öwrenilýän dersleriň anatomiki aýratynlyklary netijesinde döredildi. Ylmyň dürli ugurlaryndan onlarça hünärmeni öz içine alýan taslama 2017-nji ýylda başlandy we alty tapgyrda geçirildi. Sergidäki her eksponata alymlaryň işleriniň tapgyrlary we Seljuklaryň hökümdarlyk eden döwründe Anadoly döwletiniň taryhyny açyp görkezýän jikme-jik maglumatlar berilýär.
Taslamanyň birinji tapgyrynda Nejmettin Erbakan uniwersitetinde Alaaddin metjidiniň howlusynda dinastiýa mazaryndan tapylan kelleleriniň galyndylary boýunça tomografiýa geçirildi. Umuman alanyňda, dinastiýanyň 17 agzasynyň daş keşbini dikeltmek mümkin boldy. Olaryň 12-si soltanlara degişli.
Şeýle hem, soltanlaryň eşikleri üçin taryhy maglumatlara laýyklykda hem-de hususy kolleksiýalardan we muzeýlerden alnan nusgalar boýunça dokalan matalary hem dikletdiler. Edil şeýdip, Seljuk hökümdarlarynyň ýaraglaryny we şaý-seplerini hem dikeltdiler.
ORIENT news








