Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri Duşenbede geçirilýän II Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşýarlar


Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri 20-21-nji oktýabr aralygynda Duşanbe şäherinde geçirilýän "Wolgadan Transoksiana arkaly Ganga çenli" atly II Halkara ylmy-amaly konferensiýasyna gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy habar berýär.
Bu çäre dürli ugurlardaky Ýewraziýa giňişligindäki hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanýar. Foruma gatnaşmak üçin Russiýa, Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlaryndan 20-den gowrak öňdebaryjy hünärmenler we bilermenler çagyryldy.
Maslahatyň maksatnamasy ,Ýewraziýadaky özgerişlikler, "Russiýa - Merkezi Aziýa - Günorta Aziýa" üçburçlugynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, Ýewraziýada durmuşa geçirilýän global maksatnamalar we strategiýalar, Russiýa bilen Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ýaly temalary öz içine aldy.
Maslahat ýüzbe-ýüz we onlaýn görnüşde geçirilýär.
Çärä gatnaşyjylar adam işjeňliginiň dürli ugurlaryndaky özara täsiriň ylmy we seljeriş taraplaryny, şeýle hem olary gowulandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT news








