Russiýanyň döredijilik ýokary okuw mekdepleri GDA ýurtlaryndan talyplaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär


18-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynda daşary ýurtly talyplaryň Russiýa Federasiýasynyň býudjetiniň hasabyna “Medeniýet we sungat” ugurlarynda ýokary bilim almagy boýunça görülýän taýýarlyga bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Bu barada "GDA agza ýurtlaryň Parlamentara Mejlisi"-niň telegram kanaly habar berýär.
Duşuşygyň esasy temalaryndan biri, Russiýanyň ÝOM-lerine medeniýet we sungat ugurlary boýunça okuwa girmäge synanyşýan daşary ýurtly dalaşgärleriň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boldy. Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň bilim edaralarynyň GDA ýurtlarynyň talyplary bilen işlemekde uly tejribe toplandygy we bu ugurda uýgunlaşdyrylan bilim maksatnamalarynyň we Russiýada okamak üçin şertleriň döredilendigi bellenildi.
GDA-nyň Parlamentara Mejlisiniň metbugat gullugynyň düşündiriş berşi ýaly, esasy meseleleriň biri medeni we bilim alyş-çalşygyny ösdürmek, şeýle hem, GDA ýurtlaryndan bilim almak we döredijilik pudagynda kämilleşmek isleýän zehinli ýaşlary çekmek bolup durýar.
Metbugat beýanatynda Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri has köp daşary ýurtly talyplary, şol sanda Arkalaşygyň ýurtlaryny talyplaryny kabul etmäge taýýardyklaryny mälim etdi.
ORIENT news








