HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Nižniý Nowgorodyň işewürlik wekilleriniň saparlary guralar

Oktýabr 19, 2023 | 17:06 |6190
Nižegorod oblastynyň halkara we sebitara gatnaşyklar boýunça ministri Olga Gusýewanyň bellemegine görä, Nižniý Nowgorod şäherinde 600-den gowrak türkmen talyby bilim alýar. Türkmen ýaşlary şäherde geçirilýän dürli çärelere hem işjeň gatnaşýarlar.Nižegorod oblastynyň halkara we sebitara gatnaşyklar boýunça ministri Olga Gusýewanyň bellemegine görä, Nižniý Nowgorod şäherinde 600-den gowrak türkmen talyby bilim alýar. Türkmen ýaşlary şäherde geçirilýän dürli çärelere hem işjeň gatnaşýarlar.
Çeşme: vremyan.ru

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Güýç Garaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Nižegorod oblastynyň dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary maslahatlaşdylar diýip, “Wremýa N” habarlar agentligi mälim edýär.

Taraplar maşyn gurluşygy, metallurgiýa, energetika we ulag ugurlarynda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy nygtadylar. Medeniýet we bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns çekildi. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Nižegorod oblastynyň arasynda bar bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklary mälim edildi.

Nižegorod oblastynyň halkara we sebitara gatnaşyklar boýunça ministri Olga Gusýewanyň bellemegine görä, Nižniý Nowgorod şäherinde 600-den gowrak türkmen talyby bilim alýar. Türkmen ýaşlary şäherde geçirilýän dürli çärelere hem işjeň gatnaşýarlar.

Gepleşiklerde Türkmenistan bilen Nižegorod obalstynyň arasynda işewür wekilleriň özara saparynyň guralmagynyň meýilleşdirilýändigi nygtaldy. Nygtalyşy ýaly, ýurtlaryň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk üçin baý mümkinçilikler bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026