Habarlar

Rus arheologlary Türkmenistanyň günortasyndaky Ýylgynly-depe gadymy şäherçesinde gazuw-agtaryş işlerine başladylarRus arheologlary Türkmenistanyň günortasyndaky Ýylgynly-depe gadymy şäherçesinde gazuw-agtaryş işlerine başladylar

Rus arheologlary Türkmenistanyň günortasyndaky Ýylgynly-depe gadymy şäherçesinde gazuw-agtaryş işlerine başladylar

Türkmenistanyň günortasynda ýerleşýän täsin gadymy Ýylgynly-Depe şäherçesiniň gazuw-agtaryş işleri Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň maddy medeniýet taryhy institutynyň (RYA MMTI) rus arheologlary tarapyndan gaýtadan başlar. Olar ozal koronawirus pandemiýasy sebäpli dört ýyl işini togtatdylar we ýakyn wagtda gözleglerini dowam etdirerler diýip MIR 24 habar berýär.

Türkmenistanly kitap dikeldijiler Moskwada "hünär kämilleşdiriş" okuwuny geçdilerTürkmenistanly kitap dikeldijiler Moskwada "hünär kämilleşdiriş" okuwuny geçdiler

Türkmenistanly kitap dikeldijiler Moskwada "hünär kämilleşdiriş" okuwuny geçdiler

Türkmenistandan, şeýle hem Belarussiýadan, Gazagystandan we Özbegistandan gelen hünärmenler “Klassiki sahypany dikeltmek: kämilleşdiriş okuwy” atly öňdebaryjy okuw meýilnamasyny üstünlikli tamamladylar. Okuwyň çäginde gatnaşyjylar sahypalary dikeltmek boýunça bilimlerini we başarnyklaryny giňeltmäge, tejribe alyşmaga we Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň ösen usullary we tehnologiýalary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu barada edaranyň web sahypasynda habar berildi.