Aşgabatda Täze ýyl kitap ýarmarkasy geçirildi


23-nji dekabrda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda kitap ýarmarkasy geçirildi. 600-den gowrak kitapsöýüjiniň gatnaşmagynda geçirilen çäre ýetip gelýän Roždestwo we Täze ýyl baýramlaryna bagyşlandy.

Kitap sergisi diplomatik wekilhananyň edara binasynyň öňündäki açyk meýdançada geçirildi. Bu ýere gelen myhmanlara duz-tagam hödür edilip, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň dillerinde aýdym-sazlar ýaňlandy. Olaryň köpüsi ýakynda çagalar horeografiýa toparynyň agzalary tarapyndan ýerine ýetirildi.

Kitaplary alyş-çalyş etmek nokady, şeýle hem "Ýagşylyk etmek" haýyr-sahawat çäresiniň çäklerindäki kitap satuwy çäräniň tapawutly aýratynlygy boldy.

Açyk giňişlikde geçirilen ýarmarka networking üçin ajaýyp meýdança boldy: adamlar bir-birleri bilen tanşyp, bilelikde aýdym aýtdylar we tans etdiler. Umuman, çäre hemmelere baýramçylyk şatlygyny eçilip, kitapsöýüjilerde ýakymly täsirleri galdyrdy.
ORIENT news








