HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we BMG-niň Ösüş maksatnamasy şu ýyl 70 million dollarlyk taslamalara gol çekdiler

Dekabr 23, 2023 | 13:28 |6024
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan şu ýyl Türkmenistan bilen bu guramanyň arasynda umumy bahasy 70 million ABŞ dollaryna barabar taslamalara gol çekilendigini aýtdy.Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan şu ýyl Türkmenistan bilen bu guramanyň arasynda umumy bahasy 70 million ABŞ dollaryna barabar taslamalara gol çekilendigini aýtdy.
Çeşme: news.un.org

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan şu ýyl Türkmenistan bilen bu guramanyň arasynda umumy bahasy 70 million ABŞ dollaryna barabar taslamalara gol çekilendigini aýtdy. Bu barada onuň türkmen metbugatynda çap edilen makalasynda mälim edilýär.

Bu taslamalar jemgyýetçilik saglygy goraýyşyň milli ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmagy we ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bellenişi ýaly, BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistan bilen diňe bir öňdebaryjy önüm öndürijilerden ýokary hilli lukmançylyk enjamlary satyn almakda hyzmatdaşlyk etmän, eýsem ýurtda ýokanç we ýokanç däl keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmekde hem ýardam edýär.

Narine Saakýanyň bellemegine görä, Türkmenistan we BMG-niň Ösüş maksatnamasy statistika, bank we maliýe, gümrük, raýat ýagdaýlarynyň namalary ulgamlary boýunça birnäçe taslamalary durmuşa geçirdiler. Bu işler "Türkmenaragatnaşyk" agentligi bilen has çuň hyzmatdaşlygyň binýadyny goýmaga şert döretdi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy şeýle hem gender deňligi, zenanlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga, olaryň telekeçilik, innowasiýa we sanlylaşdyrmak işine işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmekde hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Google Pics: täze AI grafiki redaktory Canva we Adobe bilen bäsleşer

Google Pics: täze AI grafiki redaktory Canva we Adobe bilen bäsleşer

18:05 Sentýabr 08, 2026
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026