

BMG-niň Adam hukulary boýunça geňeşi Türkmenistana Köpugurly döwürleýin syn berer
Duşenbe güni, 6-njy noýabrda, Ženewada Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 4-nji Köpugurly döwürleýin syny (KDS) geçiriler.


Duşenbe güni, 6-njy noýabrda, Ženewada Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça 4-nji Köpugurly döwürleýin syny (KDS) geçiriler.


Balkanabat şäheriniň we Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň hassahanalaryny täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, düýpli durky täzelenip ulanmaga berildi.


Gazagystandan 13 halkara ulag geçelgesi, şol sanda 5 demir ýol we 8 garaýoly geçýär. 2022-nji ýylda respublikanyň çäginden geçýän üstaşyryň umumy mukdary 23,2 million tonna ýük bolup, bu 2021-nji ýyldakydan 10 göterim köp. Iň uly ösüş multimodal TMTM (Trans-Hazar ýa-da Orta geçelge) tarapyndan görkezildi. Bu barada Gazagystanyň Ulag ministri Marat Karabaýew, 100-den gowrak daşary ýurt kärhanasynyň gatnaşan, dürli ýurtlardan iri ulag we logistika kompaniýalary bilen onlaýn duşuşygynda aýtdy.


Gözlegler, adamlar bilen birleşmek bilen baglanyşykly bolup biljek geň galdyryjy sosial çuňlugy ýüze çykardy.


Bitarap Türkmenistan şaýoluň ugrunda ýerleşýän Elektronika dünýäsi dükany “Uly arzanladyş” aksiýany yglan edýär. Aksiýanyň çäklerinde dükanda ähli harytlara 50%-e çenli arzanladyş bolar, Aksiýa 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 6-y, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 6-y aralygynda dowam eder. Bu arzanladyş esasan hem HITACHI brendiniň sowadyjylaryny satyn almak isleýänler üçin amatly mümkinçilikdir. Mundan başga-da Elektronika dünýäsi dükany SAMSUNG, BOSCH, KARCHER, TCL, Delonghi, Gorenje ýaly dünýä belli brendleriň harytlarynyň giň gerimini hödürleýar.


Türki ýurtlarynyň gatnaşmagy Ýewropada täze howpsuzlyk binagärligini döretmekde möhüm faktor hökmünde görülýär. Sebäbi Ýewropadaky häzirki geosyýasy ýagdaý birnäçe kynçylyklar bilen häsiýetlendirilýär diýip, Wengriýanyň Daşary işler ministri Peter Siýýarto Gazagystanyň Silk Way teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.


Koreýanyň Gündogar lukmançylygyny ösdürmek boýunça agentligi 31-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen gol çekilen şertnamanyň mazmunyny mälim etdi.


Bu Ýewropa Bileleşiginiň täjirçilik maksatly bolmadyk Merkezi Aziýa sebitine goýberjek iň uly maliýe serişdesi bolar.


Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýew 2-nji noýabrda, Aýlagyň Arap döwletleri (AADHG) Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Jasem Muhammet Albudawi bilen duşuşdy. Taraplar 2023-nji ýylyň iýul aýynda Jiddede geçirilen AADHG-iň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sammitiniň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sammitde öňe süren tekliplerini durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.


Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde utgaşykly dolanyşykda işlejek, kuwwaty 1574 kilowatt bolan täze elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmak dabarasynda wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky haýyş bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüzlendi.


Her ýylyň 25-nji noýabrynda bellenilip geçilýän Zenanlar we gyzlar bilen gatnaşykda zorlugyň soňuna çykmak boýunça halkara göreş güni mynasybetlu BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin okuw maslahaty geçirildi.


31-nji oktýabrda bellenilýän Bütindünýä şäherler gününde, ÝUNESKO-nyň Baş müdiriniň Aşgabady «Dizaýn» kategoriýasynda ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleri toruna girizmek hakynda karary yglan edildi.


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça köp ýurtly edarasynyň (ÝUNOPS) müdiri Freýa fon Groote bilen gepleşik geçirdi.


Halkara ylmy maslahata Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Domen atlary dolandyrmak boýunça korporasiýasynyň (IСANN), Aragatnaşyk boýunça sebitleýin birleşmesiniň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň hem-de önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan “Nokia”, “Huawei”, “Eastwind”, “NEС” ýaly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.


16 — 18-nji noýabrda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçiriler.