HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Awstriýaly mirasdüşer zenan 25 million ýewrony paýlamak kararyna geldi

Ýanwar 16, 2024 | 10:59 |6665
Himiýa serişdelerini öndüriiji iri «BASF» kompaniýasy bilen baglanyşygy bolan maşgalasyndan pul miras alan 31 ýaşly Marlen Engelhorn baýlygynyň ilatyň arasynda paýlanylmalydygyna ynanýar.Himiýa serişdelerini öndüriiji iri «BASF» kompaniýasy bilen baglanyşygy bolan maşgalasyndan pul miras alan 31 ýaşly Marlen Engelhorn baýlygynyň ilatyň arasynda paýlanylmalydygyna ynanýar.
Çeşme: Euronews

Himiýa serişdelerini öndüriiji iri «BASF» kompaniýasy bilen baglanyşygy bolan maşgalasyndan pul miras alan 31 ýaşly Marlen Engelhorn baýlygynyň ilatyň arasynda paýlanylmalydygyna ynanýar.

Bu barada «Euronews» çeşmesi habar berýär.

Engelhorn mart aýyndan iýun aýyna çenli alty sany dynç güni toplanjak raýatlar ýygnagyny gurady. Ýygnagyň düzümine tötänleýin saýlanan 50 raýat girýär. Olar bilermenleriň ýolbaşçylygynda pullary nädip we kime paýlamalydygyny kesgitlärler. Engelhorn bu işde hiç hili ses hukugyna eýe bolmaz. Ol Awstriýanyň ilatynyň 1%-iniň milli baýlyklaryň ýarysyna eýeçilik etmegini adalatsyz hasaplaýar. Bu zenan birnäçe ýyl bäri öz ýurdunda has adalatly salgyt ulgamynyň ýola goýulmagy ugrunda çykyş edýär.

«25 million ýewro ilatyň arasynda paýlanmaly, sebäbi döwlet ony paýlamaýar. Mende bu pul bar, çünki olar salnan salgytlara harçlanmaýar. Mende bu pul bar, çünki hökümet şeýle baýlygyň ilatyň arasynda paýlanmagyny üpjün etmek baradaky wezipesini ýerine ýetirmedi we meniň şu familiýany göterýän anyk bir maşgalada ýaşaýanlygym sebäpli, bu pul gönüden-göni meniň elime düşýär» diýip, Marlen Engelhorn belläp geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026