HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işleriň bäsleşigi yglan edildi

Ýanwar 16, 2024 | 12:25 |8282
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşgini yglan etdi.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşgini yglan etdi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşgini yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmagyň düzgümleri şu gün “Nesil” gazetinde çap edildi.

Bäsleşige hödürlenilýän ylmy işler aşakdaky ugurlara laýyklykda kabul edilýär:
— nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;
— biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika;
— maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary;
— häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary;
— innowasiýa ykdysadyýeti;
— ynsanperwer ylymlary.

Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlaryň özbaşdak ýerine ýetiren ylmy işleri kabul edilýär. Talyplaryň tehnologik, inženerçilik, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we beýleki meselelere bagyşlanan ylmy işlerini bäsleşige hödürlemäge Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlygyna hukuk berilýär hem-de soňky 3 (üç) ýylyň dowamynda ýokarda görkezilen degişli ugurlaryň biri boýunça ýerine ýetiren, ylmy wezipeleri goýmagyň we çözmegiň aýratynlygy bilen tapawutlanýan ylmy işler kabul edilýär. Okuwçylaryň ylmy işlerini bäsleşige hödürlemäge Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň we etraplaryň bilim müdirliklerine hem-de ýerlerdäki Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher, etrap geňeşlerine hukuk berilýär.

Bäsleşige hödürlenýän ylmy işleriň resminamalarynyň sanawyna şulary goşmak hökmandyr:
— Ylmy işi hödürleýän edaranyň ýolbaşçysynyň ugrukdyryjy haty (onda ylmy işiň bäsleşigiň ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlarynyň haýsysyna degişlidigi, işiň doly ady, ylmy işi ýerine ýetireniň familiýasy, ady we atasynyň ady görkezilmeli);
— Alymlar tarapyndan berlen oňyn synlar (azyndan 2 (iki) sany bolup, olaryň birisi başga ylmy edaradan);
— Degişli edaranyň Alymlar geňeşiniň ylmy işi bäsleşige hödürlemek baradaky geçiren maslahatynyň beýany hem-de amaly gymmatyny tassyklaýan resminamalar (ylmy makalalar, oýlap tapyşlar we senagat nusgalary, patent we ş.m.);
— Gatnaşan ylmy-amaly maslahatlarynyň sanawy (ylmy ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanan doly maglumat bilen);
— Bäsleşige gatnaşyjylar hakynda şahsy maglumatlar goşundyda görkezilen nusgada çykarylan hem-de elektron görnüşinde bolmaly (aýratynlykda gysgaça maglumat görnüşinde familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan güni, aýy, ýyly, wezipesi, gulluk we öý salgysy hem-de telefon belgisi);
— Pasportynyň ýa-da 16 ýaşy dolmadyk bolsa, dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy;
— Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalyk şahadatnamasynyň nusgasy;
— Işlemeýän bolsa, ugrukdyryjy haty zerur däl.
— Hödürlenilýän ylmy işler türkmen dilinde kitap, makala, ylmy işi ýazmagyň kadalaryna (14 şriftde, 1,5 setirarasy, ýokardan we aşakdan 2 sm, çepden 3 sm, sagdan 1,5 sm goýlan, Times New Roman, çykgytly we ş.m. talaplary özünde jemleýän) gabat gelýän ýazgy görnüşinde hödürlenýär. Ylmy işde döwlet nyşanlarynyň, bezegleriň we bibliografiýa ýazgylarynyň (peýdalanylan edebiýatlar) bolmagy hökmandyr.
— Bäsleşige hödürlenýän işiň ýüzünde diňe «YLMY IŞ» diýen ýazgy ýazylmalydyr we onda hödürleýän gatnaşyjynyň, guramanyň ady görkezilmeýär.

Alymlar geňeşi bäsleşige gatnaşýan ýaşlaryň ylmy çykyşlaryny mejlislerde diňläp, düýpli seljerip, jemi 10-a çenli ylmy işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň garamagyna hödürleýär. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ylymlar gününde tassyklanýar.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşige hödürlenýän ylmy işler 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyna çenli Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 104-nji jaýynda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan kabul edilýär we ýaşlaryň ylmy işlerine baha berjek seljeriş toparyna iberilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026