HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Doktorantura we aspirantura kabul etmegiň tertibi çap edildi

Ýanwar 16, 2024 | 10:36 |4326
Türkmenistanyň resmi metbugatynda aspirantura girmek üçin gerek bolan resminamalaryň sanawy çap edildi.Türkmenistanyň resmi metbugatynda aspirantura girmek üçin gerek bolan resminamalaryň sanawy çap edildi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň resmi metbugatynda aspirantura girmek üçin gerek bolan resminamalaryň sanawy çap edildi. Şolaryň içinde şu resminamalaryň bolmagy zerurdyr:


- ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň adyna ýa-da ylmy edaranyň ýolbaşçysynyň adyna ýazylan arza;
- ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasy (daşary ýurtlarda okanlara ykrar şahadatnamasynyň nusgasy);
- işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;
- № 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;
- 4x6 sm ölçegdäki 3 sany fotosurat;
- neşir edilen ylmy işleriniň sanawy, eger-de okuwa girýäniň ylmy işleri boýunça oýlap tapyşlary bar bolsa, ylmy-barlag işleriniň we oýlap tapyşlarynyň, hasabatlarynyň sanawy;
- hünärine laýyklykda saýlap alan temasy boýunça ylmy referat;
- zähmet depderçesiniň nusgasy.

Doktorantura kabul edilmek üçin tabşyrmaly resminamalaryň sanawy:


- doktorantura döredilen edaranyň ýolbaşçysynyň adyna ýazylan arza;
- işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;
- terjimehal;
- № 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;
- 4x6 sm ölçegdäki 3 sany fotosurat;
- ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy;
- zähmet depderçesiniň nusgasy;
- neşir edilen ylmy işleriniň, oýlap tapyşlarynyň, patentleriniň sanawy we nusgalary, ýerine ýetiren ylmy barlaglary hem-de işläp taýýarlamalary hakyndaky hasabatlarynyň sanawy;
- üç ýylyň dowamynda tamamlamak göz öňünde tutulýan doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamagyň meýilnamasy;
- dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň doktorlyk dissertasiýasynyň 2/3 böleginiň taýýardygy hakyndaky güwänamasy;
- disertasiýanyň temasynyň ylmy ugry boýunça ylmy barlaglary alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň hödürnamasy;
- dissertasiýanyň temasynyň ylmy ugry boýunça ylmy barlaglary geçirýän iki sany ylymlaryň doktorynyň syny, olarda temanyň ylmy esaslandyrmasyna we derwaýyslygyna hem-de dissertasiýany taýýarlamagyň hödürlenýän meýilnamasyna baha berilmelidir, şeýle-de üç ýylyň dowamynda ony ýerine ýetirmegiň mümkinçiligi görkezilmelidir.

Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgäriň ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara berkidilmegi üçin şulary tabşyrýar:


- ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň adyna ýa-da ylmy edaranyň ýolbaşçysynyň adyna ýazylan arza;
- hünärine laýyklykda saýlap alan temasy boýunça ylmy referaty;
- ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasy (daşary ýurtlarda okanlara ykrar şahadatnamasynyň nusgasy).

Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada hasaba alynmagy üçin ýolbaşçynyň adyna:
- ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy goşulan arzasyny;
- dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy işleri alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň dissertasiýanyň 2/3 böleginiň taýýardygy baradaky güwänamasyny tabşyrmalydyr.

Aspirantura, doktorantura kabul edilmek üçin arzalar 1 – 28-nji fewral aralygynda kabul edilýär. Aspirantlar üçin giriş synaglary we doktorantura üçin dalaşgärleri hasaba almak çäreleri 1 – 25-nji mart aralygynda dowam edýär. Aspirantura we doktorantura hem-de alymlyk derejesine dalaşgärleriň synaglary 1-nji aprelden başlanýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026