

Oba hojalyk ministrliginiň binýadynda 3 institut döredildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda” Karara gol çekdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakynda” Karara gol çekdi.


Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow “Diplomatic World” žurnalynyň ýolbaşçylaryna – onuň prezidenti we esaslandyryjysy Barbare Dietrih we taslama menejeri Alberto Turkstra akkreditasiýa ýazmaçlaryny gowşurdy. Akkreditasiýa kartlary, olary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan akkreditlenen daşary ýurt habarçylary hökmünde resmi taýdan ykrar edýär.


A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus dili institutynyň halkara bilim we dil syýasaty merkezi geçirilen barlaglaryň netijesinde "Dünýäde rus diliniň ýagdaýynyň görkezijileri" atly makalany çap etdi. Onda GDA agza ýurtlarda rus diliniň ulanyş derejesi boýunça ýagdaýlara syn berilýär.


Duşuşygyň barşynda taraplar döwletleriň arasynda kitaphana işi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Katar tarapy halkara maslahatynyň işine gatnaşandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.


Russiýa Federasiýasynyň milli baýramçylygy - Milli jebislik güni mynasybetli, ýekşenbe güni, 5-nji noýabrda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminiň çäginde birnäçe çäreler geçiriler. Bu çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary hem çagyrylýar.


Koreýa Repsublikasynyň "Celltrion Healthcare" kompaniýasy düwnük keseliniň bejergisinde ulanylýan lukmançylyk enjamlary Türkmenistana getirmek boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň yglan eden halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy.


1-nji noýabr, 2023-nji ýyl, Aşgabat, Türkmenistan – 24-27-nji oktýabrda, Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlykda gurnan, parlamentiň işini sanlylaşdyrmak boýunça okuw-maslahatyna gatnaşdylar. Estoniýanyň, Gruziýanyň we Litwanyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen okuw-maslahaty deputatlary parlamentiň işini kämilleşdirmek boýunça innowasion sanly tehnologiýalar bilen tanyşdyrdy. Okuw-maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanda sanly parlament ulgamynyň ösmegine goşant goşjak Türkmenistanyň Mejlisiniň işini sanlylaşdyrmak boýunça Meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamak bolup durýar.


2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Arkadag şäherinde geçirilen «Dialog parahatçylygyň kepili» atly Halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň we Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň resmi resminamasy hökmünde BMG-nyň alty resmi dilinde çap edildi.


Bu şäherleriň arasynda häzirki wagtda günde bir ýolagçy uçuşy amala aşyrylýar. Çarşenbe we anna günlerinde goşmaça gatnawlaryň girizilmegi bilen şäherleriň arasynda hepdede 9 uçuş amala aşyrylar.


“OKTAWA” terjime we resminamalary resmileşdirmek býurosynyň ýolbaşçysy Serdar Gurbansähedow “Rus dili – GDA sebitinde baglanyşyk dialogynyň esasy” atly halkara maslahata gatnaşdy.


Sişenbe güni agşam, Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde Türkmenistanda Hytaýyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi.


Sişenbe güni Aşgabatda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň şeýle-de Özbegistanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.


Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen gol çekişilen Ähtnamanyň çäginde bilelikdäki diplom maksatnamalarynyň açyljakdygyny we iki ýurt hem talyplaryny bakalawr we magistr maksanamalary boýunça okuwa kabul etjekdigini habar berdi.


Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda örän möhüm bolan tema bolan - “Halklaryň dostlugy - ýaşlaryň bagtly geljeginiň kepili” atly halkara maslahat geçirildi.


Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň ýokary diplomatik mekdepleriniň arasynda akademik we ylmy özara alyş-çalşy, bilelikdäki çäreleri guramagyň we ylmy taslamalary alyp barmak işini pugtalandyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.