Azerbaýjanda Magtymguly Pyragynyň döredijlik ara alnyp maslahatlaşyldy


Sişenbe güni, 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçihanasynda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Maglumat sessiýasyna Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň agzalary, Nyzami Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň alymlary, etnologlar we Azerbaýjanyň ÝOM-de okaýan Türkmenistanyň talyplary gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda, çärä gatnaşyjylar nusgawy şahyryň edebi mirasy we akyldaryň üç asyrlyk ýubileýini halkara derejesinde bellemäge görülýän taýýarlyk barada pikir alyşdylar. Şeýle hem, bu ýerde Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çäräniň ahyrynda, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan Azerbaýjanda surata düşürilen «Hakyň guly - Magtymguly», atly dokumental film görkezildi.
ORIENT news








