HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşary işler ministrliginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Ýanwar 16, 2024 | 22:45 |5852
16-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.16-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda M.Bäşimowa K.Imnadzeni jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de hyzmatdaşlygy we parahatçylygy berkitmek, şeýle hem ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi saklamak meselesindäki merkeziň tutuş sebit boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi. Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy”, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş gullugy ýaly köptaraplaýyn diplomatiýanyň mehanizmleri bilen işlemek boýunça başlangyçlaryny işjeňleşdirmek we öňe sürmekde BMG-niň Aşgabatdaky sebit merkeziniň ornuny artdyrmaga hem-de howpsuzlyk, bilim we hökümet işgärlerini beýan edildi.

Taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäginde öňe sürlen Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler. Bu nukdaýnazardan, ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleri çözmekde Türkmenistanyň toplumlaýyn çemeleşmesiniň we durmuşa geçirilmegine goşýan goşandynyň ähmiýeti bellenildi. Diplomatlar ýakyn wagtda meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026