

Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty halkara derejesinde giň seslenme döretdi
Häzirki zaman atçylyk sungatynyň taryhynda möhüm waka hökmünde eýýäm häsiýetlendirilýän Niderlandlar Patyşalygyndaky çäräniň geçirilmegine takmynan 10 gün galdy. Kronenberg şäherindäki abraýly «Peelbergen» halkara atçylyk-sport merkezi 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda ahalteke bedewleriniň taryhynda ilkinji gezek şeýle uly göwrümli çempionatyň geçirilýän ýeri hökmünde çykyş eder














