HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maşatda Türkmenistanyň BMG-däki başlangyçlaryna we Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan tegelek stol geçirildi

Awgust 24, 2026 | 15:13 |1391
Türkmenistanyň Maşat şäherindäki (Eýran) Baş konsullygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine we Aşgabadyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukuk ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan tegelek stol geçirildiTürkmenistanyň Maşat şäherindäki (Eýran) Baş konsullygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine we Aşgabadyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukuk ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan tegelek stol geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Maşat şäherindäki (Eýran) Baş konsullygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine we Aşgabadyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukuk ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Diplomatik wekilhanada şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryndan, türkmen halkynyň medeni mirasyny şöhlelendirýän amaly-haşam sungat eserlerinden we fotosuratlardan ybarat tematiki sergi guraldy.

Ara alyp maslahatlaşmalara baş konsullygyň işgärleri, Eýranda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri, medeniýet we saglygy goraýyş işgärleri, şeýle hem «Magtymguly adyndaky», «Gülistan ykdysady» neşirleriniň we «Ülkämiz», «Sedaýe Gonbad» habar agentlikleriniň žurnalistleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýurduň ösüşiniň netijelerini jemlemek we uzak möhletleýin döwletiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka boljakdygyny bellediler.

turkmenistan-consulate-mashhad-khalk-maslakhaty-un-resolution-2028 (2).jpg

Duşuşykda halkara gün tertibine hem aýratyn üns berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly Halkara hukuk ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamasy bilen goldanyldy. Kararnamanyň awtorlykdaşlary hökmünde 78 döwlet çykyş etdi. Tegelek stoluň myhmanlary halkara jemgyýetçiliginiň şeýle giň halkara goldawynyň ählumumy howpsuzlygyň hukuk esaslaryny berkitmek we deňhukukly köptaraply dialogy ösdürmek meselelerinde Bitarap Türkmenistanyň abraýyny tassyklaýandygyny bellediler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

23:30 Sentýabr 18, 2026
Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

23:00 Sentýabr 18, 2026
Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

22:00 Sentýabr 18, 2026