Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy


21-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girýän täze bäş gatly toplum 10-njy oktýabrda bellenilýän Saglygy goraýyş işgärleriniň gününe gabatlanyp açylyp ulanylmaga beriler.
Döwlet Baştutanyna Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myratberdi Gaýypow işleriň gidişi, bölümleriň enjamlaşdyrylyşy we ýanaşyk çägi abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow maslahat beriş, anyklaýyş we bejeriş bölümlerini, üç ýaşdan uly çagalar üçin ýatymlaýyn otaglary, operasiýa bölümini, barlaghanalary, mejlisler zaly we çagalar üçin oýun zolaklaryny öz içine alýan geljekki toplumyň mümkinçilikleri bilen jikme-jik tanyşdy.
Merkezde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berildi. Anyklaýyş we bejeriş bölümleri emeli aň ulgamlarynyň ulanylmagy arkaly işleýän dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň endoskopiýa we sanly rentgenografiýa enjamlary bilen üpjün edildi. Emeli aň tehnologiýalary lukmanlara ýokary takyklykdaky maglumatlary dessin almaga, şeýlelikde keseli anyklamagy we bejergini bellemegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Täze merkez halkara standartlaryna we dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen göni hyzmatdaşlyga gönükdirilendir. Operasiýa bölüminde we beýleki bölümlerde hünärmenleriň arasynda maglumatlary dessin alyşmaga mümkinçilik berýän onlaýn gözegçilik ulgamy ornaşdyryldy, ýatymlaýyn otaglarda bolsa mikroklimata gözegçilik edýän awtomatlaşdyrylan enjamlar oturdyldy. Çagalar üçin bejergi çäreleriniň dowamynda interaktiw sanly çözgütleri hem öz içine alýan, iň ýokary psihologik we emosional rahatlygy üpjün edýän şertler döredildi.
Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumy bilen tanyşlygyny jemläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow gurluşyk işlerininiň bellenen tertibe hem-de hil talaplaryna laýyklykda berk alnyp barylmagy boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, özboluşly emeli aň enjamlaryndan netijeli peýdalanmagyň we elektron lukmançylyk maglumatlaryny ygtybarly saklamagyň ulgamyny döretmegiň zerurdygyny nygtady.







