

Fransuz dilini bilmek derejesi boýunça Aşgabatda synag geçiriler
Aşgabatdaky Fransuz instituty 18 - 22-nji dekabr aralygynda fransuz dilini bilmek derejesi boýunça "DELF/DALF" atly synag möwsümini geçirýär.


Aşgabatdaky Fransuz instituty 18 - 22-nji dekabr aralygynda fransuz dilini bilmek derejesi boýunça "DELF/DALF" atly synag möwsümini geçirýär.


Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň arasynda geçirilen duşuşykda türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýä iberilmeginiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.


Dünýäniň 60 ýurdundan bolan wekiller Ýüpek ýoly boýunça foruma gtanaşmak üçin Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherine ýygnandylar. 26-27-nji oktýabrda geçirilen foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti hem gatnaşýar.


Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň işewürler toparlaryny innowasion, inženerçilik pikirlerini we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda durmuşa geçirilýän senagat, medeni we durmuş maksatlary taslamalaryň durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy.


Forumda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmäge daşary ýurtlar bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýändigini belledi.


Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 26-njy oktýabrda, syýahatçylyk pudagynyň wekilleri we syýahat höwesjeňleri üçin Tourism Expo Japan – dünýädäki iň uly syýahatçylyk sergisi açyldy. Syýahatçylyk forumy Ýaponiýada dünýäniň dürli künjeklerinden onlarça ýurdy we sebiti birleşdirdi. Sergä 150 000-den gowrak adamyň gelmegine garaşylýar.


Türkiýäniň Palatalary we Haryt Biržalary Bileleşiginiň (TOBB) prezidenti Rifat Hisarjyklyoglu, türkmen kompaniýalaryny uly göwrümde Türkiýä, şol sanda senagat önümçiligine maýa goýmaga we türk hyzmatdaşlary bilen bilelikde üçünji ýurtlarda iş alyp barmaga çagyrdy. Ol bu barada penşenbe güni Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ankarada geçirilen türkmen-türk işewür forumynda aýtdy.


Türkiýäniň senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, türk potratçylarynyň eýýäm Türkmenistanda taslamalary işjeň durmuşa geçirýändigini we durmuşa geçiren taslamalarynyň bahasynyň bolsa 50 milliard dollardan geçendigini beýan etdi. Bu barada ministr 26-njy oktýabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdymuhammedowyň Ankara saparynyň çäginde geçirilýän türkmen-türk işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy.


Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň dekabr aýynda Türkmenistana sapary bolar. Bu barada türk syýasy işgäri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ankarada geçirilen Türkmenistan-Türkiýe işewürlik forumynda mälim etdi.


Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistan wekiliýeti ÝB bilen Halkara Söwda Merkeziniň arasynda «Türkmenistan-ÝB: Söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýasyny ýokarlandyrmak» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi baradaky ylalaşyga gol çekişlik dabarasyna gatnaşdy. Gol çekmek, şu günler Global Gateway forumynyň geçirilýän ýeri Brýusselde, çarşenbe güni, 25-nji oktýabrda boldy.


Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary, Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň başlygy Azat Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça komitetiniň 73-nji sessiýasy BSGG-niň Ýewropa sebiti býurosynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşdy.


25-26-njy oktýabrda Brýussel şäherinde geçirilen "Global Gateway" forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti Odil Reno-Basso bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.


Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew 25-26-njy oktýabr aralygynda Brýusselde geçirilen “Global Gateway” forumynda çykyş etdi. Çäräni Ýewropa komissiýasy tarapyndan guralyp, onyň başlygy Ursula fon der Lýaýen ÝB-niň we hyzmatdaş ýurtlaryň, hususy pudagyň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda maslagaty açdy.


Aşgabatda BMGÖM-iň we Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň “Türkmenistanda maýyplar üçin amatly iş: bilim almak we mynasyp iş tapmak mümkinçiligi üçin, jemgyýetçilik kärhanalaryny özgertmek" atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde, Günorta-Günorta global ösüş we hymatdaşlyk Gaznasynyň maliýe goldawy bilen, BDST-iň №1-nji karton we çaphana ussahanasynyň açylyş dabarasy geçirildi.


Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gepleşiklerde özara söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşylýar. “Anadolu” habarlar agnetliginiň habaryna görä, bu barada Türkiýäniň wise-prezidenti Jevdet ilmylmaz Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen duşuşygynda aýtdy.