ÝB we Halkara Söwda Merkezi Türkmenistany BSG-de ösdürmek barada şertnama baglaşdy


Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistan wekiliýeti ÝB bilen Halkara Söwda Merkeziniň arasynda «Türkmenistan-ÝB: Söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýasyny ýokarlandyrmak» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi baradaky ylalaşyga gol çekişlik dabarasyna gatnaşdy. Gol çekmek, şu günler Global Gateway forumynyň geçirilýän ýeri Brýusselde, çarşenbe güni, 25-nji oktýabrda boldy.
ÝB bilen HSM-iň arasyndaky bu bilelikdäki taslama, Türkmenistana BSG-e girmek işini goldamak üçin döredildi.

Ýewropa Komissiýasynyň adyndan bu resminama Ýewropa Komissiýasynyň Halkara Hyzmatdaşlyk Baş Müdirliginde Ýakyn Gündogar we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň müdiri Peteris Ustubs gol çekdi. Halkara söwda merkeziniň adyndan resminama HSM-iň ýerine ýetiriji direktory Pamela Kouk-Hemilton gol çekdi dýiip, Maliýe ministrliginde ORIENT-e habar berdiler.
Gol çekişlik dabarasynda Serdar Joraýew ýurduň dünýä söwda ulgamyna işjeň goşulmagyny belläp, Türkmenistanyň BSG kadalaryna we ülňülerine laýyklykda ýurduň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny gowulandyrmak üçin görýän çäreleriniň möhümdigini belledi. Netijede ÝB we HSM-iň täze taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ýokary netijeliligine umyt bildirildi.
ORIENT news








