Türkmenistan we Türkiýe özara söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara ýetirmäge çalyşýarlar


Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gepleşiklerde özara söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşylýar. “Anadolu” habarlar agnetliginiň habaryna görä, bu barada Türkiýäniň wise-prezidenti Jevdet ilmylmaz Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen duşuşygynda aýtdy.
Iki tarap hem söwdany höweslendirmek we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak üçin gyssagly çäreleri görmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Türkiýäniň wise-prezidenti hökümetara türkmen-türk ykdysady komissiýasynyň yzygiderli duşuşyklarynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.
Ankaradaky Türkmen-türk işewürlik forumy telekeçilere we maýadarlara bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak we işewür gatnaşyklary berkitmek üçin gowy mümkinçilikler döreder.
Türkmenistanyň wise-premýeri Türkiýäniň Türkmenistan üçin möhüm söwda hyzmatdaşydygyny aýtdy. Ol Türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda iri gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmekdäki üstünlikli işlerini belledi.
ORIENT news








