

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşýar
Türkiýede resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Ankarada geçirilýän türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşýar. Bu barada TDH habar berýär.


Türkiýede resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Ankarada geçirilýän türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşýar. Bu barada TDH habar berýär.


Astrahan oblasty gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagynda Russiýany öňdebaryjy 5 sebitiniň biridir. Mundan başga, Türkmenistan we Astrahan oblasty geografik we howa şertleri babatda örän meňzeşdir. Mälim edilişine görä, degişli ugurdaky hyzmatdaşlyk iki tarap üçin hem bähbitli bolup biler.


Türkmenistan we Awstriýa ýerleşýän sebitlerinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugry bilen tapawutlanýar. Awstriýa bitaraplygyny 1955-nji ýylda yglan etdi.


15 - 20-nji oktýabrda "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekilleri Kanton ýarmarkasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Guançžou şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.


USAID-yň Merkezi Aziýadaky Söwda Maksatnamasy pomidor we gawun ösdürip ýetişdirmek we / ýa-da eksport etmek bilen meşgullanýan Türkmenistanyň öňdebaryjy hususy kompaniýalaryny täze bazarlar we şol bazarlarda önümlere bolan talaplary barada habarlylygy ýokarlandyrmak üçin halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar.


Bu institutyň barlaghanalary, ammarlary, inžener-aragatnaşyk ulgamlary, önümçilik-tehniki desgalary doly döwrebaplaşdyryldy. Desganyň açylyşy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna beslenip, onda hormatly myhmanlar çykyş etdiler.


25-nji oktýabrda, ÝUNESKO-nyň Pariždäki baş edarasynda Sportda dopinge garşy göreşýän taraplaryň konferensiýasynyň dokuzynjy sessiýasy öz işine başlady. Bu çärä ÝUNESKO-daky Türkmenistanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti gatnaşýar. Şeýle hem, wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komitetiniň baş hünärmeni Ýaýlymow girýär.


Kosmonawtlar Oleg Kononenko we Nikolaý Çub, "Nauka" modulyndaky ätiýaçlyk radiatoryň sowadyjy ýerini barlamak we beýleki işleri ýerine ýetirmek üçin Halkara älem stansiýasyndan (ISS) açyk äleme çykdylar.


Eýran tarapyndan Türkmenistana täze ilçi hökmünde teklip edilen diplomat Ali Mojtaba Ruzbahani, Aşgabat şäherine gitmezden ozal Eýranyň Daşary işler ministri Hoseýn Amirabdollahian bilen duşuşdy.


Şu hepde, 23-25-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda mekdep mugallymlary üçin bilim robotlary boýunça seminar geçirildi. Seminara 27 hünärmen gatnaşdy, olar gyzykly we terbiýeçilik ähmiýetli bu okuwlarda mekdep sapaklarynda bilim robotlaryny ulanmak üçin zerur bilimleri, başarnyklary we çeşmeleri aldylar.


Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew 2023-nji ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Suwon şäherinde geçirilen sekizinji Aziýa-Ýuwaş umman şäherler forumyna (APUF-8) gatnaşdy. Bu çäre, Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň, BMG-niň Habitat-yň we CityNet-assosasiýasynyň goldawy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy we Suwon şäher häkimligi tarapyndan guraldy.


Ankara uçuşy amala aşyran Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy.


30-dan gowrak ýurtdan 300-den gowrak myhman "26-27-nji oktýabrda Minskde boljak “Ýewraziýanyň howpsuzlygy: hakykat we dünýädäki üýtgeýän perspektiwalar” atly ýokary derejeli halkara konferensiýa gatnaşar, diýip, BELTA habar berýär.


Ýaponiýanyň ilçihanasynyň metbugat gullugy Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ýamamoto Hiroýuki bu ýurtdaky işini tamamlady diýip, habar berýär. Onuň hormatyna ilçihana hoşlaşyk dabarasyny gurady, oňa diplomatik korpusyň wekilleri we beýleki ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy.


Türkmenistan Eýranyň gatnaşmagyndaky alyş-çalyş şertnamasy boýunça Yraga ýylda 9 milliard kub metr tebigy gazy bermegi meýilleşdirýär. "Türkmengaz"-yň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew, çarşenbe güni, 25-nji oktýabrda ýurduň eksport bazarlaryny diwersifikasiýa etmekçi bolýandygyny aýtdy.