Serdar Joraýew Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen duşuşdy


25-26-njy oktýabrda Brýussel şäherinde geçirilen "Global Gateway" forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti Odil Reno-Basso bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.
Duşuşygy dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns çekdiler. Serdar Joraýew Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeler, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen durmuşa geçirilýän işler hem-de şunuň bilen bagly Türkmenistanyň Daşary söwda ýagdýay baradaky Ähtnamanyň taslamasynyň taýýarlanyşy barada Odil Reno-Basso maglumat berdi.

Duşuşykda diňe bir Türkmenistanyň hususy düzümlerini goldamak bilen bagly işler däl-de, eýsem Ýewropa üçin ähmiýeti bolan ulag babatdaky sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT news








