Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Brýusselde geçirilen “Global Gateway” forumynda çykyş etdi


Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew 25-26-njy oktýabr aralygynda Brýusselde geçirilen “Global Gateway” forumynda çykyş etdi. Çäräni Ýewropa komissiýasy tarapyndan guralyp, onyň başlygy Ursula fon der Lýaýen ÝB-niň we hyzmatdaş ýurtlaryň, hususy pudagyň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda maslagaty açdy.
Forumyň maksady, Ýewropa bileleşiginiň bütin dünýäde aragatnaşyk, saglygy goraýyş, bilim we gözleg işlerine maýa goýumlaryny meýilleşdirýän Global Gateway strategiýasynyň durmuşa geçirilişinde öňegidişlik görkezmekdir.

Serdar Joraýew çykyşynda Türkmenistanda bu ugurdaky häzirki ýagdaýy we infrastrukturany ösdürmegiň geljegini beýan etdi. Global aragatnaşygy gowulandyrmagyň möhümdigini bellän ministr, ulag pudagynyň dünýä ykdysadyýeti üçin möhümdigini aýtdy we ulag we energetika baglanyşyklaryny diwersifikasiýa etmek üçin Türkmenistan tarapyndan işlenip düzülen taslamalaryň ýerliklidigini aýtdy.
Ministr ýurduň ulag infrastrukturasynyň möhüm elementi bolan Türkmenbaşy deňiz portunyň geçirijilik ukyby barada maglumat berdi. Şeýle hem Serdar Joraýew Ýewropada hem gyzyklanma döredip biljek ulag pudagynda birnäçe ileri tutulýan sebit maýa goýum taslamalaryna ünsi çekdi.

ORIENT news








