Türkmenistanyň Prezidenti türk kompaniýalaryny Arkadag şäheriniň we "Aşgabat sitiniň" gurluşyk taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy


Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň işewürler toparlaryny innowasion, inženerçilik pikirlerini we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda durmuşa geçirilýän senagat, medeni we durmuş maksatlary taslamalaryň durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy.
"Garaşsyzlyk ýyllarynda türk kompaniýalary Türkmenistanda kiçi, orta we iri ýüzlerçe taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, häzirki tapgyrda Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli taslamalaryň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek. Olar innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyz agzalan taslamalary, aýratyn-da, döwrebap “akylly” şäher ýörelgelerine laýyklykda bina ediljek “Aşgabat-siti” konsepsiýasyny we Arkadag şäherinde guruljak senagat klasterini bilelikde işlemek üçin Türkiýäniň işewür toparlaryny Türkmenistana çagyrdy" diýip, Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi saparynyň çäklerinde 25-nji oktýabrda Ankara şäherinde geçirilen Türkmenistan-Türkiýe işewürlik forumyna we başga-da birnäçe çäreler gatnaşdy.
ORIENT news








