TOBB-nyň başlygy türk we türkmen kompaniýalaryny üçünji ýurtlarda bilelikde söwda etmäge çagyrdy


Türkiýäniň Palatalary we Haryt Biržalary Bileleşiginiň (TOBB) prezidenti Rifat Hisarjyklyoglu, türkmen kompaniýalaryny uly göwrümde Türkiýä, şol sanda senagat önümçiligine maýa goýmaga we türk hyzmatdaşlary bilen bilelikde üçünji ýurtlarda iş alyp barmaga çagyrdy. Ol bu barada penşenbe güni Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ankarada geçirilen türkmen-türk işewür forumynda aýtdy.
Bu çärä Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşýar.
TOBB-nyň başlygy, bu garaýyşa laýyklykda äden aýgytly ädimleriniň saýasynda Türkmenistanyň toplumlaýyn senagatlaşmagy we ösüşi başlandygyny we Merkezi Aziýada çekiş merkezine öwrülendigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda türk kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamalaryň sany 2 müňe ýetdi. Şunuň bilen baglylykda Hisarjyklyoglu, Türkmenistanyň Prezidentine türk telekeçilerine bolan ynamy üçin minnetdarlyk bildirdi. «Siziň goldawyňyz sebäpli türk potratçy kompaniýalary dünýäde ikinji ýeri eýeledi», - diýip ol aýtdy.
Hisarjyklyoglu, Türkmenistanyň ulag we daşamak pudagynda halkara merkezine öwrülmeginiň çalt depginde ösýändigini aýtdy. Giň demir ýol ulgamy, garaýol we beýleki ulag liniýalary we energetika geçelgeleri bilen taryhy Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi «diýseň oňyn waka» bolup durýar diýip ol belledi.
TOBB-nyň başlygy, Hazar Trans-gaz turbageçirijisi taslamasyna-da degip geçdi. «Biz Türkiýäniň hususy sektory hökmünde bu meseläni çözmäge goşant goşmaga taýýardyrys. Eger biz muny başarsak, onda Hytaý-Ýewropa gatnawynda Orta geçelgäniň birinji orunda durmagyny üpjün ederis»,-diýip Hisarjyklyoglu nygtady. «Türkiýe bilen Türkmenistanyň bu gurşawdaky hyzmatdaşlygy tutuş sebitiň ykbalyny üýtgeder. Sebäbi Türkiýe we Türkmenistan öňdebaryjy hyzmatdaşlardyr. Bilelikde biz geografiýamyzy parahatçylygyň we abadançylygyň merkezine öwrüp bileris»,-diýip Hisarjyklyoglu sözüni jemledi.
ORIENT news








