

ÝTÖB Merkezi Aziýada ýaşlar işewürligini ösdürmek boýunça 200 million ýewro bölüp berer
Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) Merkezi Aziýada we Mongoliýada ýaşlar işewürligini ösdürmäge gönükdirilen maksatnamasyna başlady. Bu barada ÝTÖB-nyň web sahypasynda habar berildi. Bu çäre 18 ýaşdan 34 ýaş aralygyndaky, ilatyň üçden birine çenli sebitde ýaş telekeçiler üçin maliýeleşdirmek we degişli okuwlary has gowulaşdyrmak üçin döredildi.



















